Alymlar aýak ysyny ýok edýän nanotehnologiýa joraplaryny öndürdiler.

Alymlar islendik ugur boýunça täze açyşlaryny we gözleglerini  dowam etdirýärler. Köp adamlaryň garşylaşýan esasy meselesinden biri erbet yslar bolup durýar. Şeýle ýagdaýlaryň biri hem halanylmaýan aýak yslarydyr. Alymlar bu meseläni çözmek üçin birnäçe barlaglary we gözlegleri geçirip bu ýagdaýyň öňüni almagy başardylar. Ýagny, alymlar sink oksidini nanobölejiklere siňdirip aýak ysyny ýok edýän joraplary öndürmegi başardylar.

Sink oksidi aýak yslarynyň öňüni alýar.

Alymlaryň aýtmagyna görä, sink oksidi ulanylan matalar aýak ysynyň öňüni almakda we başga-da birnäçe peýdaly taraplary bilen tapawutlanýar. Bu täze açyş iki usulda  dürli peýdasy bar: birinjisi, “bromodosis” diýilýän aýak ysynyň döreme keseliniň öňüni alýar,  beýlekisi bolsa, “pitted keratolysis” diýilýän kömelek görnüşli bakteriýalaryň döremeginiň öňüni alýar.

Ilkibaşda işlenip düzülen bu joraplar Taýlanddaky Mahidol uniwersitetiniň Siriraj keselhanasynda synag edildi. Synaglarda sink oksidiniň antibakterial täsiri subut edilse-de, onuň adam bedeni üçin hem peýdalydygy ýüze çykaryldy. Şonuň üçin şol usulda tikilen egin-eşikler geýmek üçin has amatlydyr.

Geçirilen barlaglar, sink oksidi ulanylyp öndürilen jorap geýýänleriň aýaklaryndan wagtyň geçmegi bilen ysyň ýok bolýandygy ýüze çykaryldy.  

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *