“Käbäm, seniň öwüdiň” Dursun TEKÄÝEWA.

Käbäm, seniň öwüdiň

Kän ýerlerde azaşmakdan gorady,
Mähribanym, käbäm, seniň öwüdiň.
Kyn günümde maňlaýymdan diredi,
Mähribanym, käbäm seniň öwüdiň.

Aglajak bolamda aýap, göz ýaşym,
Egilse, belende galdyryp başym,
Ömür ýollarynda taplady basym,
Mähribanym, käbäm seniň öwüdiň.

Bagt terk edende meni äpberip,
Aljyradym, köşeşdirdi gop berip,
Manysydyr ömür atly depderiň,
Mähribanym, käbäm seniň öwüdiň.

Ene boldum, şükür, çäksiz şatlygym,
Duýdum, hasrat-gaýgyň ömre ýatdygyn,
Ýagşylyga sary ädim ätdiren,
Mähribanym, käbäm seniň öwüdiň.

Ýadyrgatdy ömrüň kötel ýollary,
Eňkimi agdardy durmuş allary,
Dada ýetip, degre-daşym gallady,
Mähribanym, käbäm seniň öwüdiň.

Göç eýledi, ötegçiniň durnasy,
Ol meň üçin ýowuz synag gurnady,
Sensiz goýdy, ellerim ýer sermedi,
Tekge berdi, kalba guýan öwüdiň,
Käbäm barkaň, dünýe neneň, gowudy?!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *