“Eje” Dursun TEKÄÝEWA.

Eje

Wah, geçen günleň gaýdymy,
Bolsady, bolsady, eje.
Seň bilen bile oturyp,
Ekerdim bolsady, eje.

Häh, şol günler bir dolanyp.
Gelsedi, gelsedi ,eje.
Soňsuz mähriňe  ýylanyp,
Bir göwnüm gülsedi, eje.

Kän eken pelegiň oýny,
Synag — bu dünýäniň goýny,
Ine, meni sensiz goýdy,
Ýüregim selpedi, eje.

Gursagym tapman teselli,
Kä delmurdy, kä peseldi,
Öňde sensizlik keserdi,
Gam ýüzüm ýelpedi, eje.

Girdiň-de, bir gün düýşüme:
«Mert bol, ekezlen!»-diýşiňe,
Ak pata berdiň işime,
Ten demin dürsedi ,eje!

Mährinden mähir alanym,
Öwüdin kalba salanym,
Galyberdim-le, elenip,
Eňretdiň gursagy, eje.

Pentlerin doga saýanym,
Üstümde ganat ýaýanym,
Mährine süňňüm çoýanym,
Synamyň gurşawy, eje.

Wah, geçen günleň gaýdymy,
Bolsady, bolsady, eje.
Seň bilen bile oturyp,
Ekerdim bolsady, eje.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *