“Eje” Dursun TEKÄÝEWA.

EJE

Sen gideňsoň, garry öýmüz,
Galypdyr gugaryp, eje!
Öňki deý jüýjeli palaw,
Duranok, bugaryp eje!

«Baýry gyzym gelgin, oba»,
 Durardyň çagyryp, eje!
Sen bolmaňsoň, gursajygym,
Jigleýär agyryp, eje!

Sözleriňden haraý tapdym,
Gözleriňden haraý tapdym,
Ejizläp, aýanja bagtym,
Galdym-la awunyp, eje!

Öwütleň ömre kökendi,
Sözleriň süňňüm sökerdi,
Diýrdiň:«Bu ýollar sökeldir!»,
Diň salýan säginip, eje!

Kalpda gussaň sepin açman,
Ýaşap ýörün serden geçmän,
Şana degen gara saçlam,
Başlapdyr agaryp, eje!

Ykbal hökümin ýöredip,
Synag ömrümde ýer edip,
Ýyllar tiz hem-de gyradeň,
Geçip dur syrygyp, eje!

Sen gideňsoň, garry öýmüz,
Galypdyr gugaryp, eje!
Öňki deý jüýjeli palaw,
Duranok bugaryp, eje!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *