“Pi” sany barada

Pi – islendik töweregi onuň diametrine bölünmegi netijesinde alynýan matematiki hemişelikdir. Bu san öz adyny grekleriň “περίμετρον” (daşky gurşaw) diýen sözüniň başky harpy bolan “pi”-den  alýar. Pi sany, Arhimed hemişeligi we Ludolph sany (belgisi) hökmünde hem tanalýar.

“Pi” sany näçä deň? Pi sany orta mekdepde 3,14 diýlip öwredilýär. Emma 3-den soň tükeniksizlige çenli gidýär.

Pi sany aslynda gaty ýönekeý esas bolup, üýtgemeýän hemişelikdir. Ýöne Pi irrasional san bolany üçin, ony hiç haçan gutarnykly we bitewi tertipde beýan edip bolmaýar şeýle-de ol gaýtalanmaýan sanlary öz içine alýar. Dürli gadymy siwilizasiýalar “pi” üçin dürli sanlary ulanypdyrlar.

Pi sanynyň taryhy

Arhimed

Käbir çeşmelerde pi san üçin ilkinji hakyky bahanyň, Arhimed tarapyndan ulanylandygy aýdylýar. Arhimed Pi bahasyny hasaplamagyň usulyny tapdy we pi bahasyny 3 + 1/7 bilen 3 + 10/71 arasyndalygyny kesgitledi. Bu iki fraksiýa barabar onluk san şulardyr: 3.142 we 3.1408. Bu iki baha häzirki wagtda pi sanynyň hakyky bahasyna gaty ýakyndyr.

Wawilonlylar gadymy döwürlerden bäri ulanylýan Pi sany barada takmyny pikire eýe bolupdyrlar. Olar umuman “pi=3” bahasyny ulanypdyrlar. Käbir golýazmalarda pi = 3,125 sanyna deňligi hem gabat gelindi.

Pi sany nämä peýda? Nirelerde ulanylýar?

Pi sa iň möhüm ulanylyşy, tegelegiň meýdanlaryny ýa-da göwrümlerini we şuňa meňzeş üç ölçegli geometrik şekilleri hasaplamakda ulanylýar. Mundan başga-da, pi sany burç tizligini we ýygylyklaryň tolkun uzynlygyny hasaplamakda ulanylýar. Şeýle-de “Pi sany” awtoulag tekerleriniň we gurluşyk sütünleriniň diametrlerini, kuwwatly reaksiýany we  elektrik ylmy hasaplamalarynda hem ulanylýar.

Her ýylyň 14-nji martynda dünýäde “Pi” sanynyň güni bellenilýär.
Munuň sebäbi bolsa Pi takmynan 3,14 deň ýagny Mart aýynyň (03.14) on dördi.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *