Peru çölünde 2000 ýyllyk äpet pişigiň şekili tapyldy

Perudaky Nazka çölünde pişik şekiliniň çyzgysy tapyldy. Bu pişik şekiliniň ululygy 37 metr.

Adamzat taryhynyň dowamynda pişiklere hemişe gyzyklanma bolupdy. Bu gyzyklanma käwagt gowy, käwagt erbet ugurda bolsa-da, bu ýakymly haýwan dostlarymyz belli bir derejede taryhymyza girmegi başardylar.

Perunyň Nazka çöli ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawynda girizilendir. Bu ýer, ýere çyzylan başgada äpet çyzyklaryň bolmagy bilen tanalýar.  Ahyrynda sebitde pişigiň şekili hem tapyldy. Depäniň üstüne çekilen şekiliň boýy takmynan 37 metr. Arheolog alymlaryň bellemegine görä, bu şekil topraga basyş etmek arkaly döredilipdir.

Sebitdäki şekilleriň  köpüsi miladydan öňki 700-200-nji ýyllar aralygynda sebitde agdyklyk eden Nazka medeniýetine degişli bolup durýar. Arheologlar bu pişik şekiliniň miladydan öňki 500-nji we 200-nji ýyllar aralygynda sebitde ýaşap geçen Parakas medeniýetine degişlidigini aýtýarlar .

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *