Gepiň keltesi

Diňe bir kelläň işlemegi ýeterlik däl, kä-te maňlaýyňam işlemeli.

Öz dünýäsi bilen ýaşaýan adamyň mal-dünýä bilen işi ýokdur.

Çykalgaň bolmasa, sypalga gözle!

“Eseri halap okadym” diýmeli däl, “Eseri okap, haladym” diýmeli.

Käte etmedik işiň üçin-de ökünmeli bolýar.

Ýola sygmaýany ýodadan ýöredip görmeli.

Demi daş ýarýana kerki hökman däl.

Ylymly bolmak üçin öňürti bilimli bolmaly.

Aty eýerläne sürdür, ýeri – eýgerýäne.

Sürçek bolsa – sürjek bolma!

Öz göwnüni aldaýana “aldawçy” diýilmeýär.

Atamyrat Atabaýew
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *