Garynjalar özlerinden has agyr ýükleri nädip göterýärler?

Tebigatda ýaşaýan haýwan dostlarymyz şeýle bir gyzykly we syrly welin, bizi her gün geň galdyrmagy dowam etdirýärler. Şolardan biri garynjalardyr. Bu makalmyzda garynjalaryň özlerinden has agyr ýükleri nädip göterýändiginiň syryny açarys.

Alymlar bu soraga birnäçe ýyl bäri jogap gözlediler we birnäçe gözlegleri geçirdiler. Mysal üçin, Ogaýo döwlet uniwersitetinde gözleg geçirildi we garynjalaryň bogunlarynyň güýji ölçenildi. Başgaça aýdylanda, öz agramydan näçe esse artyk ýüki göterip biljekdigine jogap gözlenildi. Jogap bolsa: 3500-5000 esse.

Sebäbine seretsek… Garynjalar ähli ýükleri agzy bilen göterýän eken. Bu ýerdäki agramlar boýun bogunlary bilen aýaklara geçirilýär. Boýnuň bogunlaryndaky gaty we ýumşak dokumalar diňe garynjalara mahsusdyr we örän çydamlydyr. Bu olara gaty agyr ýükleri aňsatlyk bilen götermäge kömek edýär.

Alymlar garynjalaryň üsti bilen gaty agyr ýük göterip bilýän robotlary öndürmek üçin işleri alyp barýarlar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *