Emeli aňyň kömegi bilen Galaktikanyň iň uly 3D kartasy döredildi.

Gawaýi uniwersitetiniň alymlary emeli aňy ulanyp, älemiň iň uly 3D kartasyny döretmegi başardylar. Döredilen täze karta öňki görnüşinden iki esse uludyr.

Emeli aň indi köp ugurlarda ulanylýar we ulanylýan ýerleri günsaýyn artýar. Emeli aňy ulanyp, Gawaýi uniwersitetindäki Manoa astronomiýa institutynyň alymlary dünýäde iň uly 3D ýyldyzlaryň, galaktikalaryň we kartasyny döretdiler. Topar Maui şäherindäki Pan-STARRS obserwatoriýasy arkaly, asmanyň dörtden üç bölegini optiki gözlegden geçirip 3D kartany işläp düzmegi başardylar. Gözleg geçiren alymlar, gözlegde asman jisimlerini kesgitlemek üçin algoritm peýdalandylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *