“ÝAHDAN” gala

Baý geçmişi bolan türkmen topragynda binagärlik sungaty irki döwürde hem belent derejä ýetipdir. Muňa ýurdumyzyň dürli ýerlerinde häzire çenli saklanyp galan ýadygärlikler hem şaýatlyk edýär.
Şeýle hem üýtgeşik desgalaryň biri hem ýahdandyr. Eli hünärli ata-babalarymyzyň döreden bu desgalary tehnologiýanyň kämilleşmedik döwründe tomus paslynda adamlara sowadyjy hökmünde hyzmat edipdir. Irki döwürlerde dagyň, belent baýyrlaryň güneýinde däl-de, guzaýynda ýagny depäniň gün düşmeýän tarapynda garyň uzak wagtlap ýatýandygyny göz öňünde tutup, şeýle desgany döredipdirler. Ýahdan adamlara gary tomusda peýdalanmaga mümkinçilik beripdir. Ony gurmak üçin ilki gerek möçberde ýeri tegeläp çyzyp, iki-üç metr çemesi gazýarlar, soň şol tegelek çukuryň içine goşa öküzi salyp, döwek döwdürýän ýaly aýlaýarlar. Gatan ýere gamyş düşeýärler.
Tegelek çukuryň daşyndan tegeläp çig kerpiçden ýa-da pagsadan haýat aýlap, hüjre ýaly barha ýokarlygyna çürelýän gümmezi emele getirýärler. Onuň daşky şekili tamdyra çalym edýär. Minara meňzeş ýahdanyň ýokarsy deşik bolýar. Kiçijik gapysy gündogara tarap bakdyrylýar. Bu garaňky jaýa gyşyna gar daşap, depeläp doldurýarlar. Onuň içindäki gar ýa-da buz indik gyşda gar ýagýança, eremän ýatýan eken. Şeýle desgalaryň biri Kaka etrabynyň merkezinden 22 kilometr günortada ýerleşýän Köne Hywaabat galasynyň golaýynda saklanyp galypdyr. Ol “Abywerd” taryhy-medeni döwlet mirashanasynyň garamagyndaky goralýan ýadygärlikleriň hataryna girýär. Bu ýahdan ýurdumyzda saklanyp galan iň ulularynyň biri bolup, onuň diametri 12 metr. Onuň beýikligi abat wagty 15-20 metr çemesi bolupdyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *