Alymlar ses tizliginiň iň ýokary çägini tapdylar

Meri London uniwersitetiniň, Kembrij uniwersitetiniň şeýle-de Ýokary basyş fizika  institutynyň professorlary we alymlary ses tizliginiň iň ýokary çägini tapdylar.

Sesiň tizligi deňiz derejesinde, howada 343 m/s (takmynan 1,235.5 km/sag) diýlip kabul edilýär. Elbetde, şertler üýtgese sesiň tizligi hem üýtgeýär. Alymlar ses atomlarynyň gaty wodorodda iň çalt geçjek tizligini çaklamak üçin synaglar geçirdiler.

Ses tolkunlary howa we suw ýaly dürli şertlerde hereket edip biler emma tolkunlaryň hereket tizligi hem bu gurşawa görä üýtgeýär. Ses gaty jisimlerde has çalt hereket edýär mysal üçin howada eşidilmeýän otlynyň sesini kelläňizi relise  goýup eşidip bolýar.

Alymlar dünýäniň iň gaty metaly bolan almazda synag geçirdiler. Bu synagda ses iki esse tizlik bilen hereket edip, takmynan 36 km/sek tizlige ýetdi.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *