SOLTAN TEKEŞIŇ ÝADYGÄRLIGI (XII asyr)

Soltan Tekeşiň ýadygärligi Köneürgenç etrabyndaky Kyrkmolla depesiniň günorta-günbatarynda ýerleşýär. Gözelligi babatda oňa Orta Aziýada ýeke-täk, gaýtalanmaýan ymarat diýmek bolar. Ylmy edebiýatlarda oňa Tekeşiň mawlozeýi, halk arasynda bolsa, Gökgümmez hem-de din wekili Şyh Şerip babanyň aramgähi diýilýär. Soltan Tekeş 1172-1200-nji ýyllarda Köneürgenç türkmen döwletine hökümdarlyk edipdir.
Bu desga portalyň arkalaryny doldurýan stalaktidler we bütinleý adaty bolmadyk 24 tagça bölünen, belent gofrirlenen barabanyň üstünde beýgelip gidýär. Mawy, konus şekilli, çadyr görnüşindäki gümmez aýratyn ünsi çekýär. Her bir tagça stalaktid bilen tamamlanýar. Tagçalar bir-birine ýiti ikigyraňly gapyrgalara bölünýär. Baraban mawy syrçaly kerpiçden we tekiz kerpiçden nagyşlanyp örülipdir.
Desganyň daşarky ýüzüniň özboluşly binagärlik gurluşy bar. Onda konus astyndaky barabanyň esasynda ýatan sekiz burçly içerki gümmezasty kontur bilen dogry çekilen 24 burçly ýyldyz bar. Konus şekilli çadyr görnüşli gümmeziň karniziniň aşagynda silindriň aýlawy boýunça güberdilip ýazylan arap dilinde Gurhanyň aýatlary bilen tutuş mawy zolak uzalyp gidýär. Çadyr görnüşli gümmeziň ýokarky üçden iki bölegi konus şekilinde örülen mawy syrçaly kerpiç bilen örtülipdir. Aramgäh 29296 (6,5) sm ölçegli kerpiçden örülipdir. Irki döwürlerde ýadygärligiň demirgazygynda bir bina bolupdyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *