Näsaglanymyzda näme üçin gyzgynymyz ýokarlanýar?

Bedenimizde gyzgynlygyň ýokarlanmagy, goranyş ulgamymyzyň wiruslara garşy durup bilýändigini, ýagny göreşýändigini aňladýar. Adaty beden ýylylygy 37 dereje bolsa-da, ol 36,1 – 37,2 ýylylyk aralygynda üýtgäp durýar. Beýnimiziň gipotalamus diýlip atlandyrylýan bölegi tutuş bedeniň “termostaty” (suwuklygy-gyzgynlygy sazlaýjy) hasaplanýar. Ol endam ýylylygynyň derejesini daşky şertlere görä, sazlap durýar.
Pirojen atly biohimiki maddalar bolsa, bedeniň ýylylygyny ýokarlandyrýar. Bu maddalar, öýjükleriň, dokumalaryň näsaglamagyna sebäp bolýan wiruslar ýa-da bakteriýalar tarapyndan öndürilýär. Keseliň ýüze çykan ýerinden gana garyşýan pirojenler gipotalamus tarapyndan anyklanylýar we bedeniň gyzgynlygy artyp başlaýar. Bu wiruslar, bakteriýalar adaty göwre gyzgynlygynda aňsat köpelýärler. Haçan-da, gyzgynlyk ýokarlanmaga başlanda, ýylylyga duýgur mikroorganizmleriň köpelmegi kynlaşýar. Aýratyn hem, gyzdyranymyzda goranyş ulgamyndaky käbir öýjügiň täsiriniň has-da artýandygy subut edildi.
Emma gyzgynlyk ýokarlananda bedeniň kesel dörediji mikroorganizmlere garşy göreşýändigine garamazdan, onuň aşa ýokarlanmagy howpludyr. Şonuň üçin lukmanyň gözegçiliginde, degişli dermanlary ulanmak maslahat berilýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *