Bozgujyň taryhy

Gündelik durmuşda ulanýan bozgujymyz kauçukdan ýasalaýar. Yssy ýurtlarda onuň agajynyň ýumurtga şekilli galyň ýaprakly görnüşlerine duş gelinýär. Şol agaçlardan alnan kauçuk çeýe, çydamly we durmuşymyzda giňden peýdalanylýan iş elliklerinden, tä telefon gaplaryna çenli ähli önümde ulanylýar.

Bu agajy Ýewropa tanadan fransuz bilim adamsy Çarlz Marie de la Kondaminedir. Ol 1736-njy ýylda Günorta Amerika gezelençleriniň birinde bu geň agaja duş gelip, ony Ýewropa äkidende, geljekde bu agajyň süýdünden ýasaljak önümleriň durmuşda giňden ulanyljakdygyndan habary ýokdy.
1770-nji ýylyň 15-nji aprelinde Josef Priestleý: – Bir madda gördüm, düşündirmek örän kyn. Kagyzdaky ýazgynyň üstünden ýöretseň, galamyň yzy galmaýar – diýmek bilen, kauçugyň güýjüne göz ýetiripdir. Şol ýyl iňlis inženeri Edward Naire ilkinji kauçukdan taýýarlanan bozguçlary öndürmäge başlapdyr.

Galam bilen ýazylan ýazgylary ýa-da suratlary bozguç nähili bozýar?

Galamyň ujunda grafit parçajyklary bolýar. Grafit – gara reňkli, ýumşak, aňsatlyk bilen un ýaly bolup bilýän tebigy bir karbondyr. Bu parçajyklar 2-10 mikrometr ululygynda bolup, gum zerrejiklerine meňzeýär. Haçan-da, kagyza galam bilen ýazylanda, onuň grafit parçajyklary kagyz liftleriniň arasynda gysylyşyp galýar. Bozguç bilen üstünden ýörelende, ol liftleri ýumşadyp, grafit parçajyklaryny aýyrýar. Bularyň bir böleginiň bozguja ýapyşýandygyny görýäris. Beýleki bölegi bolsa, bozguçdan gopan parçajyklar bilen kagyzyň üstünde galýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *