“Çagalaryň sany ona ýetende” Tagan Söhbedow.

Bilmän ýör ekenik, hezillik büýä.
Çagalaryň sany ona ýetende.
Öwrülip barýarsyň bir ýükçi düýä,
Çagalaryň sany ona ýetende.

Bäş sany gyzanak, bäş sany ogul.
Öýümiziň içi “jagyl-da jugul”.
Ýarysy garagol, ýarysy şugul,
Çagalaryň sany ona ýetende.

Kimsine süýt gerek, kimsine gaýmak,
Kimsine ýüň ýaglyk, kimsine köýnek,
Kyn däl her naharda bir tokly iýmek,
Çagalaryň sany ona ýetende.

Ýatsaň-tursaň çagalydyr gujagyň,
Ýagyrnyňy ýara etjek goçagyň,
Mydam ýyljak nan-la bolýar saçagyň,
Çagalaryň sany ona ýetende.

Entek-entek ýaýnamakdy hyýalyň,
Kyrkyňa ýetmänkäň agardy ýalyň,
Ojagyň başyndan gaýtmaz aýalyň,
Çagalaryň sany ona ýetende.

Şeýdip geçip barýar bahar-ýazyňam,
Şuny welin duýaňok sen özüňem,
Hüwdi bolar aýdymyňam, sazyňam,
Çagalaryň sany ona ýetende.

Başyň ýaýkap diýme: “Ömrüm geçdi-le”,
Asla seniň arzyň kime eşdiler,
Gowsy, aýalyňa uzak ýaş dile,
Çagalaryň sany ona ýetende.

2 Replies to ““Çagalaryň sany ona ýetende” Tagan Söhbedow.”

  1. Halypa şahyr, žurnalist Tagan Söhbedowyň goşgulary mylaýym ýumora ýugrulan. Ol goşgular durmuşa bolan söýgini oýarýar, okadygyňça okasyň gelýär. Şahyryň “Ýatla meni” diýen aýdymy ýureklerimize ýylylyk berýär. Şahyryň welaýat gazetine redaktorlyk edende gazediň her şenbe sanynda çap edilen krosswordlaryny maşgala bolup çözýärdik. Onuň çap edilmedik goşgularyny okasymyz gelýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *