Dermany çaga nädip içirmeli?

Bu babatda göräýmäge ownuk, ujypsyz, uly bir ähmiýete eýe bolmadyk,  hakykatda welin syrkawyň çalt we doly sagalmagyna ýardam edýän käbir düzgünleri özleşdirmek ata-eneler üçin artykmaçlyk etmez.
1. Lukman köp sanly derman bellän bolsa, olaryň hersini kabul etmegiň wagty (nahardan öň ýa-da soň), ulanmaly mukdary görkezilen sanawy göze görnüp duran bir ýerde asyp goýmaly. Her gezek çaga derman içirmezden öň oňa seretmeli.

2. Çaga dermany zordan içirmeli däl. Onuň düwünmegi, netijede dermanyň aşgazana däl-de, dem alyş ýollaryna düşmegi mümkin. Iň gowusy, derman içmegiň zerurdygyny ynandyryjy deliller arkaly çaga düşündiriň. Dermanyň ajydygyny, ýakymsyz tagamlydygyny hem ondan gizlemäň. Ýogsam ol siziň ýekeje sözüňize-de ynanmaz. Şol bir dermany iki-üç bölege bölüp içirmäň. Bir bölegini kabul edenden soň beýleki böleklerini içmekden boýun gaçyrmagy mümkin.

3. Sirop görnüşindäki dermanlary çaga içirmek aňsat. Ýöne beýleki bir tarapdan olaryň käbiriniň çagada allergiýa döretmegi mümkin. Käte allergiki täsiriň ýüze çykmagyna dermanyň özüniň ýa-da siropa gatylan miwäniň sebäp bolandygyny anyklamak mümkinem bolmaýar.

4. Üç ýaşa çenli çagalara tabletkany owradyp, külke (poroşok) görnüşinde içirmeli. Öý şertlerinde tabletkany farfor sokuda döwmek gaty amatly. Ýöne sokudan çemçä salnanda külkäniň aglaba böleginiň ýere sepilmegi mümkin. Şonuň üçin iň gowusy tabletkany iki sany çaý çemçesiniň kömegi bilen owratmaly (bir çemçäniň içine salyp, beýlekisiniň ýeňsesi bilen ýeňiljek basmaly). Külkäni süýjedilen suwda, siropda, kompotda eredip, içirmeli. Şeýle maksat bilen mineral suwlary, miwe we gök önüm şirelerini ulanmaly däl. Käte çaga dermany kabul edenden soň agzyna alan suwy bilen külkäniň hem ep-esli bölegini yzyna gaýtarýar. Göz çaky bilen kesgitläp, oňa ýene-de külke bermek gadagan. Ýalňyşyp, gereginden artyk derman içirmegiňiz mümkin.

5. Tabletka görnüşindäki dermanlaryň hemmesini owratmaly däl. Käbir dermanlar, mysal üçin, fermentler diňe aşgazan-içege ýollarynyň belli-belli bölekleri üçin niýetlenendir. Bellenen bölege bütewiligine baryp ýetmegi üçin olar gorag perdesi bilen örtülýär. Häzirki wagtda külke görnüşinde eredilip içilýän ýa-da bütewiligine ýuwdylýan dermanlaryň köp sanlysy bar. Çaga üçin derman bellenende bu babatda lukman bilen maslahatlaşmagy unutmaň.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *