Ilkinji kanunçylyk

Hamurappiniň kanunçylygy dünýä taryhynda hereket eden iň irki we gutarnykly ýazylan kanunçylykdyr. Ol miladydan öňki 1792-1750-nji ýyllarda höküm süren Wawilon patyşasy Hamurappi tarapyndan ulanyşa girizilýär. Hamurappi kanunçylygy basyp alnan ýerlerde we ýurduň içersinde täjirçilik gatnaşyklarynyň kadalaryny, adalaty üpjün etmekdäki jerimeleri we jezalary düzgünleşdiriji 282 maddadan ybarat bolupdyr. Bu taryhy ýadygärlik gazuw-agtaryş işleri netijesinde 1901-nji ýylda ýüze çykarylýar.
Eýsem Hammurapi kim? Hamurappi miladydan öňki 1894-1595-nji ýyllar aralygynda merkezi Mesopotamiýada höküm süren Wawilon patyşalygynyň 6-njy hökümdarydyr. Onuň asly günbatar Siriýada ornaşan çarwa Amorit taýpalaryndandyr. Hammurapi ady Wawilon dilinde “hammu” – “maşgala”, “rapi” – “beýik” diýmegi aňladýar. Hamurappi ýurtda patyşalyk eden 30 ýylynyň dowamynda Wawiloniýanyň  çäklerini Tigr we Ýewfrat derýalaryna çenli  giňeldipdir. Ol özüni adalatly  şahsyýet hökmünde tanadyp, ähli adamlaryň, hususan-da, ýetimleriň we aýallaryň hukuklaryny goramakda birnäçe işleri alyp barypdyr. Onuň taryhda bize ýadygär galdyran beýik işleriniň biri barmak şekilindäki äpet gara daşyň ýüzüne oýulyp ýazylan Hamurappi kanunçylygydyr.
Hamurappiniň kanunçylygynyň ýokarky böleginde Wawilonda adalatyň hudaýy diýip hasaplanan Şamaşyň we Hamurappiniň hyýaly şekilleri ýerleşdirilipdir. Bu kanunçylygyň özünde jemleýän ähli 282 maddasy hem “eger – onda” görnüşinde ýazylypdyr. Meselem, eger bir adam öküz ogurlan bolsa, onda ol öküziň 30 essesini tölemäge mejbur edilýär. Hamurappiniň kanunçylygy maşgala hukugyndan başlap, iş şertnamalaryna we administratiw hukugyna degişli kada-kanunlardan durýar. Olar Wawiloniýanyň ilatynyň gurply, erkin adamlardan we zähmetkeşlerden ybarat bolan 3 gatlagy üçin dürli-dürli bolupdyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *