“Aýna” Aşyk Söhbet/Aýdym

Aşyk Söhbet
Aýdym
Aýna

Döze bilmen yzyn garap, galdy Arkaç Aýnam how,
Boldy ýürek para-para, galdy Arkaç Aýnam how,
Gözüm düşdi intizara, galdy Arkaç Aýnam how,
Seni duşurdy yhlasym, galdy Arkaç Aýnam how,
Galan döwran seniň bilen, galdy Arkaç Aýnam how.

Lälezarly çöllerinde serhoş bolup ýatanym,
Ýygnanyp men deňi-duş bilen ençe meýlis tutanym,
Güler ýüzüne aşyk bolup, yşk oduna batanym,
Men aglaman neýläýin, galdy ata Watanym,
Neýleý ýürek para-para, galdy Arkaç Aýnam how.

Tiziräk gideli mundan, duşman görmesin bizi,
Aşyklaň piri Züleýha, gerçekler gorar bizi,
Takdyryňa närazy bolup, ýaşa doldurma gözi,
Senden-menden bir at galsyn, seň üçin çaldym sazy,
Sazym saňa gurban bolsun, galdy Arkaç Aýnam how.

Aşyk Söhbet söwer ýar, aýlanaýyn daşyňdan,
Periler nusga alar, hilal galam gaşyňdan,
Al ýaňak, pisse dahan, hünji göwher dişiňden,
Ýüregimde tagma goýan, didelerde ýaşyňda,
Boldy ýürek para-para, galdy Arkaç Aýnam how.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *