Emýän çaga suw bermelimi?

Ilkinji nobatda bäbegi 6 aýa çenli diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi maslahat berilýär. Ene süýdüniň düzüminde bäbek üçin zerur suw hem, ýokumly maddalar hem bar. 6 aýdan soň bäbegiň ýaşaýyş üçin zerur maddalara, aýratyn-da mikroelementlere talaby artýar. Üstesine, çaganyň iýmiti kabul ediş we siňdiriş agzalary ösüp ýetişýär, kämilleşýär. Çagada emmek ukybyndan başga-da iýmitleniş endikleri peýda bolýar. Şonuň üçin 6 aýlykdan uly bäbeklere göwüs süýdünden daşary goşmaça iýmit hem bermeli. Onuň gapdaly bilen suw bermek hökman däl. Göwüs süýdi suwuklygyň esasy çeşmesi bolup durýar. Ene bäbegini emdirip başlanda göwse ilki gögümtil suwuk süýt inip, soň ýagly süýt gelýär. Umuman ene süýdi çaganyň teşneligini gandyrýar. Ýöne, eger-de çaga islese, oňa gaýnag suw ýa-da miwe şiresini bermek mümkin. Aşakdaky 3 ýagdaýy berk ýatda saklamaly:
1) Çagany tä 2 ýaşaýança emdirmeli;
2) 6 aýdan soň bäbege ene süýdünden daşary berilýän naharlary ýaşaýyş üçin derwaýys maddalara baý önümlerden (et, greçiha, süle, tüwi, kädi, käşir, kartoşka…) taýýarlamaly;
3) Iýmitleniş, mysal üçin, çeýneýiş endiklerini ösdürmek üçin çaga suwuk däl-de, gaty, ikinji naharlary iýdirmek maslahat berilýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *