Garaguma gadam ursaň

Garagum çöli geçmesi kyn, çydamly, synçy, yzçy, ugurtapyjy, giňgöwrümli ýolbeletleri, kerwenleri, awçydyr, çopanlary talap edýän agyr çöl hasaplanylýar. Garagum çölini kesip geçmeli bolsa güýzüň aýagy, gyş, ýaz paslynyň ortalaryna çenli wagty saýlap alypdyrlar. Tomus pasly çöl kölegede 50 derejä çenli gyzgyn bolup, zol-zol epgekli şemal, gara ýel, tüweleý turup, dürli päsgelçilik döredipdir. Telefon, kompas, dürbi ýok mahaly göräýmäge bat ýeri birmeňzeş aňňat-aňňat gum depeli guba çägeli çölde azaşmazlyk üçin gumlular, çarwalar Garagumyň tebigatyny aşakdaky ýaly atlandyryp ýol-yz saýgarypdyrlar.

Aňňat – çägeden dörän depä meňzeş belentlik. Beýikligi 3 metrden 10 metre çenli. Ýol görkeziji çelgiler esasan şeýle depede gögören, sözen-sazaga daňylypdyr. Münüp-düşmesi kyn bolansoň bu beýiklikler berk, dikje diýip hem atlandyrylýar. Mysal üçin: Üçajyň berki, Kömürçiniň berki, Düýeçiniň dikjesi, Atmaýran dikje.

Alaň – onçakly beýik bolmadyk, üsti tekiz, ösümlik gögermeýän çäge beýikligi. Üsti şemalgär bolansoň çopandyr awçylar, odunçydyr, kömürçiler şeýle alaňda çatma, çertek dikipdirler.

Aklaň – ýel bolanda syrap ýeliň öwüsýän tarapyna ugurdaş uzaýan orak şekilli çäge depesi. Aklaňyň ýele tarapy ýapgyt, yk tarapy kert bolýar.

Adyr – otly-sazakly, beýikli-pesli ýer. Çopanlaryň goç-teke döwürinde gözleýän, gerekleýän ýeri.

Bozçäge – ösümliksiz ýatan beýik çägeli depe. Oňa Urpagam diýilýär.

Bil – bir tarapyna gün düşmeýän gündogardan günbatara başyny-aýagyny tutup ýatan çäge. Mysal üçin: Murgapda Garabil, Üçajyda Ýahbil.

Çagat – ösümliksiz, ösümligi pessejik, azajyk otly ýer. Garaçagat Pendi çölünde köp duş gelýär.

Çoňňak – giden takyrlykda, alada ýekeje özi oturan, üsti ösümliksiz gum depesi.

Düwren – tümmek-tümmek, kiçi-kiçi depeler. Takyrlaryň başlanýan, gutarýan ýerinde bar. Mysal üçin: Saragt çölünde Ata obasynyň ýanynda bar.

Depiz – çölde duş gelýän şorluk ýer. Eger içinde ýylgyn, ýylgaý, garak, şora ýaly ösümligi ýok bolsa, ol ýere Daz ýer hem diýilýär. Mysal üçin: Seýrabyň dazy, Jartyň dazy. Depiziň duzuny, şoruny gyryp, alyp, deri eýlenende, gotur bejerilende ulanýarlar. Dazlar diýen tire-de hem bar.

Ýazy – düzlük, sähralyk, otuň bol ýeri. Çopanlaryň gözlegi, küýsegi ýazy ýer bolýar. Uzboýda Garaýazy, Tagtabazarda Saryýazy diýen ýerler bar. Ýazylar diýen tire-de  bar.

Käl – bir tarapy birnäçe kilometre uzalyp gidýän, iki tarapy eňňit sonarlyk ýer. Käýerde suw akyp käl, jar, kölçe emele getirýän ýerine diýilýär. Haýwana, ynsana peýdaly ýer. – Yrym edilip oglan çaga Källi ady köp dakylýar.

Takyr ala – ösümliksiz, giden tekiz, gaty şykgyly ýer. Şeýle takyrlyklaryň  çöket ýerine  ýagyş suwy ýygnanyp, kak suwy emele gelipdir.

Kak – takyrlykda ýagyş suwunyň ýygnanýan ýeri. Eger el bilen gazylsa, şeýle kaka çermeme kak diýilýär ýa-da şol kaky gazan, gazmaga ýolbaşçylyk eden adamyň ady dakylýar. Mysal üçin, Täçmyradyň kaky.

Gündiz Günden, gije ýyldyzdan ugur alýan adamlar ýokardaky “çöl elipbiýini” okap öwrenensoňlar çölde azaşmak howpundan halas bolupdyrlar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *