“Ýagma, bulut!” Saýyly şahyr/Aýdym.

Saýyly şahyr
Aýdym
Ýagma bulut

Bir bölejik bulut gelýär ýagmaga,
Ýarym neneň çykar goýun sagmaga,
Gözüm düşdi göwsündäki düwmäge,
Ýagma, bulut, ýagma, ýaryň üstüne!

Ezme egnindäki dürri humaşyn,
Ynjytma ýarymy, çytmasyn gaşyn,
Elinde ýaglygy sylmasyn ýaşyn,
Bal-da bolsaň damma, ýaryň üstüne!

Eliňe bereýin gülli käsäni,
Başyňa salaýyn ýüpek hasany,
Boýnyýogyn ýardan alsam posany,
Bal-da bolsaň damma, ýaryň üstüne!

Ýarym otursady, ak öý içinde,
Seýran etsem ak otaglar içinde,
Saýyly diýr, köňlüm arman içinde,
Ýagma, bulut, näzli ýaryň üstüne!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *