Mallardan ýokuşýan “Brusellýoz” keseli

Adama maldan ýokuşýan brusellýoz bedeniň süňk-bogun, nerw, jyns we ýürek-damar ulgamlaryny zeperlendirip, köplenç dowamly geçýän ýokanç keseldir. Bu kesel maldarçylygyň ösen sebitlerinde giňden ýaýrandyr.

Gadym wagtdan bäri mälim bolan brusellýoz baradaky maglumatlar Gippokratyň ylmy işlerinde-de duş gelýär. Keseli dörediji bakteriýalar iňlis lukmany Dewid Brýus tarapyndan açylýar. Ol 1887-nji ýylda iňlis harby goşunynyň esgerleriniň arasynda ýaýran keseli öwrenmek üçin Malta baranda, agyr keselden ýogalan esgeriň dalagyndan kesel dörediji bakteriýalary tapýar. Bu bakteriýalar olary açan bu alymyň ady bilen “brusellalar” diýlip atlandyrylýar. Agyr keseliň esgerlere mallaryň süýdi arkaly geçýändigi anyklanandan soň goşunda süýdi çigligine  içmek gadagan edilipdir. Munuň özi keseliň ýaýramagynyň öňüni almaga ýardam edipdir.

Kesel nähili ýokuşýar?

Adamda brusellýoz keselini döredýän brusellalar esasan:

  • ownuk şahly mallardan geçýän “brusella melitenziz”;
  • iri şahly mallardan geçýän “brusella bowis”;
  • doňuzdan, towşandan, sugundan geçýän “brusella suis”;
  • itleriň bedeninde mugthorluk edip, kesel döredýän adama galtaşyk ýoly ýa-da howa arkaly ýokuşyp bilýän “brusella çanis” degişlidir.

Dünýäde has köp ýaýrap, iň agyr keseli döredýäni “brusella melitenzizdir”. Brusellalar daşky gurşawda uzak wagtlap ýaşamaga ukyplydyr. Olar suwda we toprakda 5 aýa çenli, mallaryň we haýwanlaryň ýüňünde 4 aýlap, duzlanan baganadyr deride 30 günläp, mallaryň tezeginde 50 güne çenli öz işjeňligini saklaýar. Süýtde, peýnirde adaty temperaturada  40 güne çenli, doň etde, gaýmakda, smetanda has uzak wagtlap ýarym ýyla çenli işjeňligini ýitirmän saklaýar. Önüm gaýnadylanda, pasterizirlenende (önümçilik şertlerinde 100°C çenli gaýnatmak), şeýle hem, Gün şöhlesiniň göni düşýän ýerinde saklananda brusellalar çalt ölýär. Emma 40°C-dan geçmeýän gyzgynlykda bişirilen kotlet, gutap, işlekli ýaly tagamlar (ylaýtada hamyry galyň bolanda) brusellalaryň ölmegi üçin ýeterlik däldir.

Nähili alamatlar ýüze çykýar?

Brusellýozyň esasy 2 görnüşi bardyr. Ýiti brusellýoz 3 aýlap, dowamly brusellýoz bolsa, 6 aýdan hem köp wagtlap dowam edýär. Ýiti brusellýoz kesel dörediji bakteriýalar bedene aralaşandan 5-30 gün geçenden soň başlanýar. Brusellýozda diňe bu kesele mahsus alamatlar bolmaýar. Ilki ýiti respirator kesellere mahsus alamatlar: üşütme, gyzdyrma, derleme ýüze çykýar. Gyzdyrýandygyna seretmezden, syrkawyň keýpi peselmeýär, ol köp gürleýär. Soňabaka kelleagyry, ukusyzlyk, gaharjaňlyk, ysgynsyzlyk, işdäniň kemelmegi, bedeniň agramynyň peselmegi ýaly alamatlar peýda bolýar. Bogunlar, arka, el-aýaklar agyrýar, awuşaýar. Boýundaky we goltuklaryň aşagyndaky düwünler ulalyp, noýbanyň ululygyna eýe bolýar. Elläniňde az-kem agyrýar. Myşsalarda deriasty gaty agyrly düwünler – fibrozitler we sellýulitler emele gelýär. Gaýra goýulman anyklanylyp, bejerilmedik halatlarynda kesel dowamly görnüşe geçýär.
Dowamly brusellýozda näsagyň temperaturasy adatça 38°C-dan ýokarlanmaýar. Haýsy ulgamyň has köp zeperlenendigine baglylykda dowamly brusellýozyň birnäçe görnüşi tapawutlandyrylýar. Meselem, wisseral görnüşi köplenç, ýürek-damar ulgamynyň, öýkeniň zeperlenmegi, bagryň, dalagyň ulalmagy bilen ýüze çykýar. Nerw görnüşinde çetki we merkezi nerw ulgamlary zeperlenýär, ýüz, eşidiş ýa-da görüş nerwleriniň newriti ýüze çykyp bilýär. Peşew çykaryş, jyns ulgamlarynyň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýän urogenital görnüşi jyns mäzleriniň, peşew çykaryjy ýollaryň sowuklamasynyň ýüze çykmagyna, hatda önelgesizlige-de getirip bilýär.

Maslahaty alsaňyz!

Ýeri gelende, brusellýoz keselinden goranmaga ýardam edýän käbir düzgünler bilen tanyş bolalyň:

  • Öý şertlerinde taýýarlanylyp, çem gelen ýerde satuwa çykarylýan, howpsuzdygyna güwä geçýän ýörite resminamalar bilen üpjün edilmedik et-süýt  önümlerini satyn almakdan gaça durmaly.
  • Çala bişirilen eti iýmekden, üwelen eti dadyp görmekden, çig süýdi içmekden saklanmaly.
  • Öý mallaryna ideg edilenden soň elleriňi sabynlap, gyzgyn suwa ýuwmaly.
  • Içi etli hamyrly  tagamlary taýýarlanyňda hamyry ýukajyk ýaýmaly. Hamyryň içindäki etiň oňat bişendigine göz ýetirmeli. Kotleti, çişligi oňat gyzardyp bişirmeli.
  • Şahsy hojalyklarda saklanýan we et üçin niýetlenen mallary ýöriteleşdirilen nokatlarda soýmak maslahat berilýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *