“Lukman gyz” Muhammetmyrat Kömekow/Aýdym

Muhammetmyrat Kömekow
Aýdym

“Lukman gyz”

Geýip akja haladyň,
Halym soran halatyň,
“Gül görküňi haladym”,
Diýsem-de bir bakman, gyz,
Gidiberdiň, lukman gyz!

Duşuşsa aşyk gözler,
Dil dymar, ýürek sözlär.
Ýürek bir seni gözlär,
Başga ýana bakman, gyz,
Wah, lukman gyz, lukman gyz!

Göwnüm tapman teselli,
Halym barha peseldi.
Neçüýn gelmäň kesildi,
Men ýoluňa bakýan, gyz!
Wah, lukman gyz, lukman gyz!

Sensiz dünýe dar ýaly,
Bir kem zadym bar ýaly.
Ýazda ýagan gar ýaly,
Eräp-eräp akýan gyz,
Wah, lukman gyz, lukman gyz!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *