“Älemgoşar” Annaberdi Agabaýew/Aýdym

Annaberdi Agabaýew Türkmenistanyň halk ýazyjysy
(Aýdym)

“Älemgoşar”

Ýene gökde älemgoşar doguldy,
Gagyldaşyp gazlar geçdi üstümden.
Ýene başym, başym aşak egildi,
Çykabilmän ýatlamalaň astyndan.

Biri ýaşyl, biri sary, biri ak –
Älemgoşar, ýaşlygymyň ýoly sen!
Görüpdiň sen bizi munda ikiçäk,
Şol dilberiň toý lybasy ýaly sen!

Geçip barýar aýlar, ýyllar, gyş, ýazlar
Ýene bahar sepeleýär çagbasyn…
Haýsy ýana alyp gitdi ak gazlar,
Ganatynda şol dildaryň nagmasyn?!

Bilmen bu gün bu çal sepen başyma,
Ak gazlaryň ak ýelegi gaçdymy?
Ýanyp-köýýän gursagyma-döşüme,
Ýene köne söýgiň közi düşdümi!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *