“Tapylmaz” Gurban Alyýew

Tapylmaz

Sen gitseň, goýarsyň arman,
Sen gelseň arman tapylmaz.
Idäp duraýmasaň çenden,
Bir gün bu bendäň tapylmaz.

Gör-ä, sen owadan bu gün,
Ýylgyrsaň açylýar göwün,
Sen taýy tapylmaz gülüm,
Özge bir reýhan tapylmaz.

Güle gowşar çyndan aglan,
Çyn bägüle göwün baglan,
Bag bolsaň kän saňa bagban,
Ýöne çyn bagban tapylmaz.

Zülpüň – gül, boýnuma orap,
Berme maňa beýle güzap,
Zemin yrak, asman yrak,
Arada döwran tapylmaz.

Söýgi saýýat, bir gün awlar,
Söýgi sönse, bagrym daglar,
Kän munda özüne aglan,
Hak diýip aglan tapylmaz.

Ynan maňa, mähribanym,
Öz sözüne ähtibarym,
Rowa eýle birje janym,
Çyksa, tende jan tapylmaz.

Görmesem gözlem gapylar,
Gelmeseň ýollar ýapylar,
Bu dünýe mydam tapylar,
Ýöne aşygyň tapylmaz.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *