Gawunyň saklanylyşy

Uzak wagtlap saklanjak gawun üçin jaý arassa dezinfeksiýa işleri geçirilen bolmaly. Gawunlary gök we miwe saklanýan ýörite jaýlarda 3-6 aýa çenli saklap bolýar. Gyşa saklamaga niýetlenen gawunlary 2-3 santimetr uzynlykda miwe sapagy bilen ýygnamaly. Saklamak üçin paçagy bitin, sag, ter gawunlar saýlanylyp alynýar. Olar şikesli bolmaly däl. Uzak möhlete çenli saklamaly gawunlar bişmezden öňräk ýolunýar, ýygnalandan soň, 10-15 gün meýdanda saklanýar, 4-5 gün geçenden soň gawunyň ýerde duran tarapyny öwrüp, Güne tarap öwrüp goýmaly we olary az salymdan saklanjak jaýlaryna daşamaly.
Gawunlar saklanylmaly jaýlara ulag bilen daşalanda, ýüküň aşagyna samandan düşek düşelip, bir hatar gawun goýulýar. Jaýyň ýylylygy +2 – 4 derejä, howanyň otnositel çyglylygy 70-80 göterime barabar bolmaly. Jaýlarda gawunlary ýerde goýup, onuň aşagyna agaç ýonuşgasy, saman, gamyş düşäp, bir-birine degmän, bir hatar goýup saklamaly. Gawunlary asyp saklasaň has oňat bolýar. Bu usulda gawunlar uzak wagtlap saklanýar.
Ýöriteleşdirilen we ýönekeý jaýlar ýok ýerlerinde gawun saklamak üçin ýerdöleler ulanylýar. Olaryň üsti sowuk geçmez ýaly saman goýlup, toprak bilen basylýar. Howa geçer ýaly deşikler, tüýnükler goýulýar. Şolary açyp-ýapmak arkaly gawunhanalaryň  ýylylygy we howanyň  çyglylygy belli bir derejede saklanýar. Gyşa saklamak üçin Daşoguz bişegi, Daşoguz gülabysy, Garagaş, Gök gülaby, Garrygyz ýaly gawunlar ulanylýar.
Gawunlary ýekeniň ýapragyndan edilen torlarda asyp goýsaň, has gowy saklanýar. Gawunlary saklamagyň bu usuly beýleki usullar bilen deňeşdirilende 10-20 göterim netijeli bolup çykdy. Tora salnyp asylan Daşoguz gülabysy 210 günüň dowamynda terligini bermän, gowy saklanýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *