“Sen garrama, eje jan!” Myrat Ömür.

Sen garrama, eje jan!

Maňlaýyňda bar gasyn,
Ýok, garrama, eje jan!
Dünýe dursa durarsyň,
Sen garrama, eje jan!

Besdir daglaň garrany,
Besdir baglaň garrany,
Garrasak biz garraly,
Sen garrama, eje jan!

Garşylasyn goja dag,
Garşylasyn goja bag,
Bolup bize arkadag,
Sen garrama, eje jan!

Dillerimizde sena sen,
Perzentleriňe pena sen,
Meňzeseňem enä sen,
Ýok garrama, eje jan!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *