Bedeniň temperaturasy nähili bolmaly?

Adam ýylylyksyz ýaşap bilmeýär. Ynsan ömrüniň dowamynda bedende belli bir derejedäki ýylylygyň saklanmagy möhümdir. Eýsem, ýaşaýyş üçin derwaýys bolan funksiýalaryň kadaly bolup geçmegi üçin bedeniň temperaturasy nähili bolmaly?

Bedeniň içki agzalarynyň temperaturasy bilen deri örtüginiň temperaturasy bir-birinden görnetin tapawutlanýar. Içki agzalaryň temperaturasy deriniňkiden ep-esli derejede ýokarydyr. Bagryň temperaturasy iň ýokary (38° C töweregi) derejä eýedir. Bu görkeziji uýlugyň iç tarapynda 35°C, tirsegiň eplenýän ýerinde 32°C, penjelerde 28°C, dabanyň merkezinde 27-28°C barabardyr. Iň pes temperatura aýaklaryň barmaklarynyň temperaturasydyr. Adatça goltugasty oýtumda temperatura 36-37°C aralykda üýtgäp durýar. Ýöne bu görkezijiniň 36°C-dan peselmegi ýa-da 37°C-dan ýokarlanmagy hem mümkindir.
Adam bedeniniň temperaturasy howanyň temperaturasyna, çyglylygyna, hereketiň tizligine, myşsalaryň işine, deriniň çyglylygyna, adamyň ýaşyna, geýýän egin-eşigine laýyklykda üýtgäp durýar.
Gartaşan ýa-da gojalan adamlarda bedeniň temperaturasy orta ýaşly adamlardaka seredeniňde pes bolmagy ähtimaldyr. Irki çagalyk döwründe bu görkeziji durnuksyz bolup, çaganyň fiziologiki ýagdaýyna baglylykda üýtgäp bilýär. Käbir kesellerde we termoregulýasiýanyň bozulmagy bilen baglanyşykly näsazlyklarda bedeniň temperaturasy üýtgeýär: gaýnaglamaly ýa-da ýokanç keselleriň aglabasynda ýokarlanyp, ganazlykda, gipotoniýada, zäherlenmede we ş.m. näsazlyklarda peselýär.

Temperatura bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar

Adamyň derisinde sowuga duýgur reseptorlaryň 240 müňüsi we yssa duýgur reseptorlaryň 40 müňüsi ýerleşýär.

Dildäki tagam duýuş reseptorlary +24°C temperaturada öz funksiýasyny doly ýerine ýetirýärler, ýagny, iýmitiň hakyky tagamyny duýýarlar.

Adamyň bedeni mydamalyk temperaturany saklamak üçin gije-gündiziň dowamynda 200 kkal energiýa sarp edýär.

Bedeniň temperaturasynyň hatda kadadakydan 0,1°C peselmegi hem immunitetiň gowşamagyna getirip bilýär.

Bedeniň temperaturasy gije-gündiziň dowamynda üýtgäp durýar: bu görkeziji ir säherden giç agşama çenli 0,5°C tapawut berýär.

Adamyň gije-gündiziň dowamynda bölüp çykarýan ýylylygy buz ýaly suwuň 33 litrini gaýnatmak üçin ýeterlikdir.

Häzirki wagtda gulak geçelgesiniň temperaturasyny ölçemäge ukyply täze ultramelewşe termometrler peýda boldy. Bu usul has anyk netije berýär.

Adam bedeni 44-45°C daşky ýylylyga hiç hili zyýansyz çydap bilýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *