Programmirleme dilleri

Programmirlemek – programmirleme dillerini ulanýan kompýuterler üçin görkezmeler döretmek prosesidir.

Programmirlemek näme üçin ulanylýar?

Programmirlemek her gün ulanýan web sahypalarymyzy, programmalarymyzy we beýleki tehnologiýalarymyzy programmalaşdyrmak üçin ulanylýar. Ýönekeý söz bilen aýdanyňda, programmirlemek kompýuterler bilen aragatnaşyk üçin ulanylýar. Adamlar, haýsy hereketleri etmelidigi barada kompýuterlere we beýleki maşynlara görkezme bermek üçin programmirlemegi ulanýarlar.

Programmirleme dilleriniň görnüşleri.

Programmirleme dilleri, kod ýazmagy kesgitleýän düzgünleriň toplumydyr. Bu düzgünler maşyn dilini (birlikler we nollary) adam diline ýakynlaşdyrýar.

Kodlaşdyrma dilleriniň onlarçasy bar. Birnäçe dil ähli maksatly (ýa-da köp maksatly), ýöne köpüsi belli bir funksiýa hyzmat edýär. Meselem,  obýektlary owadan görkezmek üçin ilkinji nobatda CSS programmirleme dili işlenýär. Web sahypalaryny has amatly etmek üçin bolsa has köne dil bolan JavaScript ulanylýar.

Javascript

Javascript web sahypasyna interaktiwlik getirýän dildir. Mysal üçin, haçanda web sahypasyndaky bir düwmä bassaňyzda, JavaScript şol düwmäni basýan ýaly görkezýär. Web sahypadaky wideo pleýerler we animasiýalar üçin dolandyryşlar köplenç Javascript-dir.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *