“Men seni söýýän” Halyl Kulyýew

Men seni söýýän

Dagdan ynam bilen düşdüm yzyňa,
Daş deý ykraryma ömürlik uýýan.
Iller näme diýse diýibersinler,
Meniňki şol bir söz: – Men seni söýýän.

Söýmek hem söýülmek ýüregiň derdi, 
Hersi bolup biler bu juwanlykda. 
Kimmişin ol meni söýeňok diýip, 
Seni aýyplajak biwepalykda. 

Ýöne rastyn diýmän gizlenseň eger, 
Gutulyp bilersiň. Öňünden duýýan. 
Diýerin men saňa bir ýerden jyklap, 
Meniňki şol bir söz: – Men seni söýýän. 

Garaňky gijeler azaşsaň ýalňyz, 
Menem gara gijä tutup ýüzümi. 
Duýdurman öňüňden çykaryn birden,
Hemem gaýtalaryn şol bir sözümi. 

Meni söýseň iki ýürek birleşip, 
Bir ýürek boljagyn öňünden duýýan,
Eger-de söýmeseň…Söýmeseň söýme, 
Meniňki şol bir söz: – Men seni söýýän.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *