GUSUL

Bedeniň ähli ýerini ýuwmaklyga, ýagny endamyňda barmak basar ýaly gury ýer galdyrman suwa düşünmeklige gusul diýilýär.

Gusul almagy zerur edýän ýagdaýlar:

  1. Jynsy gatnaşykda bolmak, oýadygyňa ýada ukudadygyňa garamazdan iniň hapalanmagy. Muňa “jünüplik” diýilýär.
  2. Aýbaşy ýa-da çile wagtynyň tamamlanmagy.

Gusul almagy hökmany bolan adamlara gadagan zatlar

  1. Namaz okamak bolmaýar. Gusul almagy hökmany bolan adam agyz bekläp biler, ýöne aýbaşyly ýa-da çileli zenana namaz okamagam, oraza tutmagam bolmaýar.
  2. Gurhany Kerimi okamak ýa-da ellemek bolmaýar. Ýöne bir gabyň içine salnan ýa-da bir zada dolanan Gurhany Kerimi zerurlyk ýagdaýlarynda ele almak, götermek bolar.
  3. Käbäni togap etmek bolmaýar.

Gusulyň parzlary

  1. Agzyňy çaýkamak. Dişleriň arasynda suwuň geçmegine päsgel berjek galyndy bar bolsa, olary arassalamak hökmanydyr.
  2. Burnuňa şuw çekip arassalamak. Agzy bekli adam gusul alanda, suw ýuwutmakdan seresap bolmalydyr.
  3. Bedeniň ähli ýerini barmak basar ýaly gury ýer galdyrman ýuwmak. Suwuň bedeniň ähli ýerine ýetmegi üçin endamyňdan hamyr, ýelim, boýag, dyrnak reňkleri ýaly zatlary doly aýyrmalydyr. Sebäbi bularyň bedene suw geçirmezligi mümkin.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *