Insult näme we ol barada nämeleri bilmeli?!

29-njy oktýabr — Bütindünýä insulta garşy göreş güni.

— Kelle beýnisi adam bedeniniň iň möhüm agzalarynyň biri bolup, ol ýeterlik mukdardaky gan bilen yzygiderli üpjün edilip durulmagyna mätäçdir. Kelle beýnisinde ganaýlanyşyň ýiti bozulmagy hem-de munuň netijesinde beýni damarlarynyň zeperlenmegi we agzanyň funksiýasynyň bozulmagy «insult» diýen lukmançylyk adalgasy bilen aňladylýar. Başgaça aýdylanda, bu kesel kelle beýnisiniň öýjükleri ganaýlanyşyň ýetmezçiligi sebäpli jansyzlananda ýa-da kelle beýnisine ganyň inmegi zerarly beýni damary üzülende döreýär. Insultyň döremegine esasan gipertoniýa we kelle beýnisiniň aterosklerozy sebäp bolýar. Şeýle-de bolsa, onuň ýüze çykmagyna rewmatizmiň, gan damarlarynyň beýleki näsazlyklarynyň meselem, ganyň lagtalanmagynyň bozulmagynyň, damarlaryň gaýnaglamaly we autoimmun keselleriniň, damarlaryň anewrizminiň sebäp bolýan halatlary hem duş gelýär. Ganaýlanyşyň bozulmagyna itergi berip, ahyrky netijede insultyň ýüze çykmagyna getirip bilýän faktorlaryň köpsanlysy mälimdir:

  • Arterial gan basyşynyň yzygiderli ýokarlanmagy.
  • Süýjüli diabet we onuň gaýra üzülmeleri.
  • Ýüregiň işemiýa keseli (stenokardiýa, miokardyň infarktynyň geçirilmegi).
  • Ýürek aritmiýasy.
  • Ýürek miokardynyň diwarjyklarynyň gipertrofiýasy (ulalmagy we galňamagy).
  • Arteriýa damarlarynyň, hususan-da kelle beýnisini gan bilen üpjün edýän arteriýalaryň aterosklerozly ýasmyjaklar (blýaşka) bilen dykylmagy (uky arteriýalarynyň stenozy).
  • Ganda «erbet» holesteriniň derejesiniň ýokarlanmagy.
  • Dowamly nerw dartgynlylygy, stresler.
  • Artykmaç agram, semizlik.
  • Sagdyn durmuş ýörelgesiniň berjaý edilmezligi (çilim çekmek endigi, alkogolly içgileriň köp ulanylmagy, az hereketlilik, nädogry iýmitleniş).
  • Insultyň döremeginde adamyň ýaşy we nesilleýin faktorlar hem belli bir ähmiýete eýe bolup durýar. 65-70 ýaşdan soň insulta duçar bolmak howpy ýokarlanýar. Ýakyn (55 ýaşa çenli erkek ýa-da 65 ýaşa çenli aýal) garyndaşy insulty geçiren adamlarda-da şeýle howp ýokarydyr.
  • Kelle beýnisinde ganaýlanyşyň bozulmagynyň häsiýetine we munuň sebäplerine baglylykda insultyň 2 görnüşi tapawutlandyrylýar.

Gemorragiki insult köplenç arterial gan basyşynyň birdenkä ýokarlanmagy zerarly beýni damarynyň üzülmegi hem-de munuň netijesinde kelle beýnisine ganyň inmegi sebäpli ýüze çykýar.

Işemiki insultyň döremegine gan damarlarynyň aterosklerozly ýasmyjak, tromb (gan lagtasy, uýan gan) bilen dykylmagy we kelle beýnisiniň belli bir bölegine ganyň akyp barmagynyň haýallaşmagy ýa-da bütinleý bes edilmegi, şol bir wagtda beýni dokumasynyň ýumşamagy (beýni infakrty) sebäp bolýar.

— Insult nähili alamatlar bilen ýüze çykýar?
— Insulty güman etmäge esas berýän köpsanly alamatlar bar:
• Ýüz, el ýa-da aýak myşsalary (köplenç bedeniň bir: çep ýada sag tarapynda) gowşaýar ýa-da guruşýar.
• Birdenkä näsagyň aňy bulaşýar. Ol düşnüksiz gepleýär, daş-töweregindäki adamlaryň diýýän sözlerini aňşyrmaýar.
• Bir ýa-da iki gözde-de görüş birdenkä peselýär.
• Ýöreýiş, deňagramlylyk, hereket sazlaşygy birdenkä bozulýar.
• Näbelli sebäplere görä güýçli kellagyry döreýär.

—Insultyň öňüni alyp bolýarmy?

—Elbetde, döremegine getirip bilýän sebäpler aradan aýrylanda, insultyň öňüni alyp bolýandyr. Munuň üçin sagdyn ýaşamagyň düzgünlerini özleşdirmeli we mydamalyk endige öwürmeli:

  • Çilim çekmekden, alkogolly içgileri içmekden gaça durmaly.
  • Mal beloklaryna we ýaglaryna baý önümleri çäklendirip, kletçatkaly önümlere (gök-bakja önümleri, ter gök otlar, miweler, ir-iýmiş) ürç etmeli.
  • Iýmitiňde şekeri we nahar duzuny çäklendirmeli.
  • Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaly.
  • Psihoemosional ýagdaýyňy gözegçilikde saklamaly. Her gün iň bolmanda endamyňy gowşadýan, ýadawlygyňy aýyrýan, ruhuňy ýokarlandyrýan çäreler, meselem, meditasiýa bilen meşgullanmaly.
  • Arterial gan basyşyny hemişelik gözegçilikde saklamaly.
  • Gandaky holesteriniň we glýukozanyň mukdaryny barladyp durmaly.
  • Bedeniň agralmagyna ýol bermeli däl.
  • Ýüregiň urşunda üýtgeşiklik ýüze çykan bolsa, dessine kardiolog lukmana ýüz tutmaly.
  • Damarlaryň ýagdaýyna üns bermeli. «Haltajyk» ýa-da damar diwarjygynyň pökgeren görnüşinde döräp bilýän anewrizmler (arteriýa damarlarynyň giňelen bölejigi) güman edilende angiohirurg lukmana ýüz tutmaly. Anewrizmler sebäpli insultyň döremeginiň öňüni almagynyň iň ygtybarly ýoly olary hirurgiki usul bilen aýyrmakdan ybaratdyr.
  • Ýygy-ýygydan döreýän kellagyry ýa-da insultyň dörändigini habar berýän beýleki alamatlar peýda bolan bolsa, newropatolog lukman bilen maslahatlaşmaly.
  • Insultyň döremegine getirip bilýän kesellere nesilleýin meýillilik bar bolan adamlar wagtal-wagtal degişli barlaglardan geçip durmalydyr, zerur bolanda bejeriş almalydyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *