Mollanepesiň ömri we döredijiligi

Nepes, sen sözleseň ulus illerde,
Bilbil şeýda bolar täze güllerde,
Asal ezgil dahan içre tillerde,
Ary hüjüm eýlär bal sesin aňsa.

XIX asyr türkmen nusgawy edebiýatynyň iň meşhur söz ussatlarynyň biri Mollanepesdir. Ol özüniň ýiti duýguly, mähir-muhabbetden doly eserleri bilen türkmen şygryýetini baýlaşdyran şahyrdyr. Mollanepes «Yşk mülküniň şasy» diýlen belent ada mynasyp boldy. Şahyryň «dahan içre asal ezen» goşgulary, meşhur «Zöhre-Tahyr» dessany adamlaryň gözel duýgularyny, umyt-arzuwlaryny, ynsanperwerligiň
egsilmez güýjüni wasp edýän taglymlara ýugrulandyr. Şahyr 1810-njy ýylda Sarahs töwereginde eneden bolýar. Onuň kakasyna Molla Kadyrberdi diýipdirler. Ol döwrüniň iň sowatly mollalarynyň biri ekeni. Halk arasynda şahyryň kakasyna Molla Karaş hem diýlipdir. Molla Kadyrberdiniň Agajyk (Agajyk bagşy), Ödekberdi, Hakberdi, Mollanepes diýen dört ogly bolupdyr. Şahyr dört doganyň iň kiçisi. Mollanepes sowatly maşgalada sagdyn terbiýe alýar. Ol oba mekdebini tamamlandan soň, Mary medresesinde okuwyny dowam edýär. Şahyr soňra Buhara şäherine gidip, Mämmetşeribiň we damylla Ärnazaryň medreselerinde okapdyr. Mollanepes ýaşlykdan halaşan gyzy Bossantäç bilen nikalaşyp, agzybir, bagtly durmuşda ýaşapdyr. Mollanepes goşgy düzmeklige ýaşlykdan başlaýar. Ol dutar çalmaklygy hem şol ýyllarda öwrenipdir, soň-soňlar düzen goşgularyny heňe salyp aýtmaga-da türgenleşipdir diýlip, halk rowaýatlarynda aýdylýar. Mollanepes Maryda, Buharada okap, medrese bilimini ýeterlik ele alanyndan soňra, mollaçylyk etmek, oglan okatmak bilen meşgullanýar. Şahyryň adynyň Molla bölegi hem şu kesp-käri bilen baglanyşykly. Ol wagtynyň belli bir bölegini saz-sungatyna, edebi döredijilige bagyşlaýar. Mollanepes söýgi we ahlak meselesine bagyşlap döreden «Bäri gel», «Haýrana galar», «Pyrakyňdan», «Nazar kylsa dişleriňe», «Söwdügim», «Gitdim», «Owadan gelin», «Istäp ki gözel ýary», «Gülden uýalar», «Rehim etmezmiň halyma», «Ýadyma düşdi» ýaly onlap çeper goşgularynda gelin‑gyzlaryň görk-görmeklerini, adamkärçilikli sypatlaryny, el hünärlerini taryplamak bilen bir wagtda, erkin-azat, dünýewi söýgi meselesini hem orta atypdyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *