Läleler

Läleler gelin-gyzlar tarapyndan döredilip, olarda belli bir waka, aýratyn başdan geçirmeler isleg-arzuwlar beýan edilýär. Läleler diliniň sadalygy, aýdylyş heňi, tematikasynyň beýan ediliş aýratynlyklary bilen halk döredijiliginiň beýleki žanrlaryndan tapawutlanýarlar. Läle gyzlar aýdymydyr.
Läleleriň öz aýdylyş stili bar. Olar aýdylýan wagtda her bendiň soňunda ony hiňlendirmek, batlandyrmak üçin, labyzly bolsun diýen maksat bilen «haý-läle-le, he-lä-le-le» ýa-da
«lälim-lä-le, läle-lä-le»-diýip, birnäçe gezek gaýtalanýar. Gelin-gyzlaryň bu çeper döredijiliklerine «Läle» diýip at berilmegi hem şu ýerden gelip çykýar. Läleleriň aýdylyşy dürli-dürlüdir. Läle kakmakda owazyň-heňiň nähili ýol bilen emele getirilýändigine garap, olary birnäçe topara bölmek mümkin:

  • 1. Bokurdak ýa-da damak lälesi – munda läle kakýan gyz barmaklaryny bokurdaga çalaja kakyp, agyzdan çykýan sesde owazly titreme emele getirýär. Barmaklar her bogun arasynda bir gezek sesiň süýndürilip, uzyn çekilip aýdylýan bognunda bolsa üç gezek damaga degýärler.
  • 2. Dodak lälesi – dodak lälesi süýem barmagyň aşaky dodaga degip titremegi bilen ýerine ýetirilýär. Erkin durup süýem barmagyňy dodaga degirip, ýuwaşlyk bilen läle aýtmaga çalşylýar.
  • 3. Eňek lälesi – bu läle başam barmagyňy eňegiň aşagyndan diräp, galan barmaklaryňy bolsa dodaklaryň üsti bilen saga-çepe hereketlendirmek arkaly aýdylýar.
  • 4. Hymmyl lälesi – bu läle bütin göwräniň, ylaýta-da omuz we aýaklaryň hereketlendirmegi bilen ýerine ýetirilýär. Läle ýekeme-ýekelikde-de, ikibir-ikibirlikde-de, toplum bolup-da kakylýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *