Goşgy düzüliş formalary

Goşgy düzülişleri, formalarynyň gornüşleri boýunça dürli-dürli bolýarlar. Olaryň her biriniň öz atlandyrylyşy bar. Türkmen poeziýasyndaky goşgy düzüliş formalaryň görnüşleriniň käbirleri bilen gysgaça tanyşyp geçeliň.

  • Ikileme (mesnewi) «Mesnewi» arap sözi bolup, Ol türkmençe ikileme diýmekdir. Mesnewi her bendi özara kapyýalaşýan (aa, bb) iki setirden ybarat bolan goşgy formasydyr. Ikileme (mesnewi) goşgy formasynda köplenç uly, sýužetli eserler ýazylýar.
  • Gazal. Bu goşgy düzüliş formasy-da iki setirden ybaratdyr. Gazal kapyýalaşyşy boýunça mesnewiden tapawutlanýar. Onuň birinji bendi özara (aa) kapyýalaşýar, emma soňky bentleriň birinji setiri boş, ikinji setiri bolsa birinji bent bilen kapyýalaşýar (ba,wa).
  • Murapbag: arap sözi bolup, dört diýmekligi aňladýar. Bu formada döredilen goşgylaryň her bendi dört setirden ybaratdyr. Birinji bent başaşa, beýleki bentleri her biriniň 1-2-3-nji setirleri ýanaşyk kapyýalaşyp, dördünji setirler bolsa goşgynyň birinji bendiniň 2-4 setirler bilen kapyýalaşýarlar (abab, wwwb).
  • Dörtleme: Her bendi dört setirden ybarat bolan goşgylara dörtleme diýilýär. Dörtleme türkmen poeziýasynda has meşhurlyga eýedir. Dörtleme kapyýalaşmak taýdan murabbagdan tapawutlanýar. Häzirki zaman şahyrlary, esasan goşgularyny dörtleme formasynda döredýärler. Dört setirden ybarat bentler başaşa (abab), boşaşa (abwb) we halkalanýan (abba) kapyýalaşýarlar.
  • Muhammes: arap sözi bolup ol bäşleme diýmekdir. Munuň her bendi bäş setirden ybarat bolup,birinji bendiň hemme setirleri ýanaşyk kapyýalaşýar. Goşgynyň beýleki bentleriniň öňdäki dört setiri özara ýanaşyk kapyýalaşyp, bäşinji satiri birinji bendiň setirleri bilen kapyýalaşýar, (aaaaa,bbbba, bbbba).
  • Bäşleme: Bu goşgy düzüliş formasy hem bäş setirden düzülip,ol özüniň kapyýalaşyşy taýdan muhammesden tapawutlanýar. Ol esasan, ababb görnüşinde kapyýalaşyp, onuň her setiri 8,11,14,15 bogundan ybarat bolýar. Bäşleme türkmen poeziýasynda emele gelen şygyr formasydyr.
  • Müsseddes: arap sözi bolup, ol altylama diýmekdir. Müsseddesiň her bendi alty setirden ybaratdyr. Munuň kapyýalaşyşy edil muhammesiňki ýalydyr. ýagny goşgynyň birinji bendi aaaaaa, ikinji bendi bbbbba, görnüşde kapyýalaşýar.
  • Altylama: Müsseddesden tapawutlylykda, altylama şygyr formasy aabwwb ýa-da ababww görnüşde kapyýalaşýar. Onuň her setiri 7, 8, 9, 10, 11 bogundan düzülip bilner. Altylama hem bäşleme ýaly türkmen poeziýasynda dörän täze formadyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *