Pyşbaga

Pyşbagalar uzak ýaşaýarlar. Alymlaryň çaklamasyna görä, olaryň ýaşy 200 ýyla barabardyr.

Mysal üçin, Argentinanyň Santa-Krus adasynda mesgen tutan pyşbagalaryň köpüsiniň ýaşy 200-den-de geçýär. Ol ýerde alym Çarlz Darwin barlag işlerini alyp baran wagtyndaky bellik edilen pyşbaga hem bar eken. Onuň agramy 300 kilograma, boýy 70 santimetre ýetipdir. Pyşbagalaryň ýaşyny çanagyndaky halkalaryň sanyna görä kesgitläp bolýar. Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde, pyşbagalar daşky keşbini asyrlaryň dowamynda kän bir üýtgetmändirler.

suw pyşdyly

Olaryň iki görnüşi bolup, suw pyşdyllary deňiz-derýalarda, ummanlarda, gury ýer pyşdyllary bolsa çöl-beýewanlarda, daglyklarda, baýyrlarda we ş.m. ýerlerde ýaşaýarlar. Bu jandarlaryň görüş agzasy has ösendir. Iýmit gözlegine çykanda ilki olaryň reňki bilen gyzyklanyp, soňra iýmitiň ysyny, tagamyny duýýarlar. Pyşbagalar, köplenç, ýaşyl reňkdäki zatlary gowy görýärler. Guşuň jüýjesi ýaly pyşbagalar hem ýumurtgadan çykýarlar. Ýumurtgadan çykan wagty pyşbagajyklaryň çanagy ýasy hem-de ýumşak bolýar. Bir sagat geçensoň bolsa, ol güberçek görnüşe geçýär. Pyşbagalar dürli tebigy şertlere örän çydamly jandardyr. Deňiz pyşdyllaryna garanyňda, guryýer pyşdyllary örän haýal hereket edýärler. Şonuň üçin hem halk arasynda haýalçyl adamlaryň hereketine “pyşdyl ýaly” diýilýär. Deňiz pyşbagalary, esasanam, Ortaýer deňziniň, Atlantika ummanynyň kenarynda, Florida hem-de Braziliýanyň kenarýaka etraplarynda duş gelýärler. Deňzi pyşbagalarynyň bäş görnüşi bolup, olaryň hemmesi dünýäniň Gyzyl kitabyna girizilendir. Guryýer pyşbagalaryndan tapawutlylykda, olar agramy hem-de boýy bilen tapawutlanýarlar. Deňzi pyşbagalarynyň arasynda ýyrtyjy görnüşleri-de bar. Çünki derili pyşdyl diňe suwoty bilen däl-de, ownuk balyklar, molýuskalar we uly bolmadyk beýleki deňiz jandarlary bilen iýmitlenýärler. Pyşbaganyň çanagynyň göwrümi 2 metre, agramy 500 kilograma barabardyr. “Pyşbaga” sözüniň gelip çykyşy barada Soltanşa Atanyýazowyň “Türkmen diliniň sözköki sözlügi” kitabynda şeýle düşündiriş berilýär: “baka” – türki dillerde ýerde-suwda ýaşaýan haýwanlaryň (gurbaganyň we pyşbaganyň) umumy ady baka bolup, ol käbir alymlaryň pikirine görä, bak (pak-pak) ses meňzetmesinden emele gelipdir”. Şeýle hem, pyşlap ses edýän ýa-da pyş-pyşlap agras ýöreýän baka we “Pyşdyl, pyşdyl pyşbaga, pyşdyllap gider daga” diýilşi ýaly, “pyşt” ýumurtga sözünden gelip çykandyr diýip çaklaýarlar. Guryýer pyşdyllarynyň boýy deňiz pyşdyllarynyňka garanyňda kiçi bolup, olar köplenç jeňňellerde, daglyk ýerlerde, çaýlarda, çöllerde mesgen tutýarlar. Pyşdyllar, köplenç, ot, ýaprak bilen iýmitlenýärler. Howp abanan halatynda pyşbagalar kellesini, aýaklaryny çanagyň içinde gizleýärler we garaşylmadyk dürli ýagdaýlardan halas bolýarlar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *