Guýy suwuna degişli hökümler

Bir guýynyň suwy näçe köp bolsa hem, ol kiçi suw hasaplanylýar. Guýynyň içine nejasat düşse suw hapalanýar. Guýynyň suwuny arassalamak, içine düşen hapa görä, üç görnüşde amala aşyrylýar.

  • 1. Suwy doly boşadylýar;
  • 2. Kyrk gowa (5 litr bedre) suw çekilýär;
  • 3. Ýigrimi gowa suw çekilýär;

Bu ýagdaýda guýynyň suwy doly boşadylýar:

  • a) gan, şerap, peşew ýaly suwy suwuk görnüşdäki nejasat guýa dökülse;
  • b) ynsanyň ýa-da towugyň, ördegiň, gazyň, şeýle-de pişik hem-de it ýaly eti iýilmeýän haýwanlaryň tezegi guýa gaçsa;
  • ç) ynsan ýa-da goýun, geçi ýaly haýwanlar guýa gaçyp ölse;
  • d) syçan, serçe ýaly kiçi jandarlar guýa gaçyp ölenden soň, çişip dargasa we guşuň ýelekleri döküljek ýagdaýa ýetse;
  • e) eger guýa doňuz gaçyp, ölmänkä çykarylsa hem guýy doly boşadylmalydyr.

    Guýynyň düýbünden suw hemişe syzyp çykyp duran bolsa, şol sebäpli hem onuň suwuny boşatmak mümkin bolmasa, onda ol guýudan iki ýüz gowa suw çekip çykarylmalydyr. Beýle guýudan üç ýüz gowa suw çykarmak has gowudyr. Şeýle hem guýynyň ululygyny, suw möçberini gowy bilýän iki adamyň maslahatyna gorä onuň suwy çykarylsa göwnejaý bolar. Eger şübheli ýagdaý dörese, onda guýynyň suwy ýörite enjam arkaly boşadylyp bilner.

   Bu ýagdaýda guýudan 40 gowa suw çekilýär:

Towuk, pişik, gögerçin ýa-da şular ýaly ululykdaky bir haýwan guýa gaçyp ölse, ol hem heniz çişmänkä çykarylsa, guýudan kyrk gowa suw çykarylýar. Elli-altmyş gowa suw çykarmak has-da gowudyr.

Bu ýagdaýda guýudan 20 gowa suw çekilýär:

Serçe, syçan, as we şolar ýaly ululykdaky haýwan guýa gaçyp ölse ýa-da maslygy gaçsa, heniz çişip dargamanka çykarylan ýagdaýynda 20 gowa suw çykarylýar.

Içine düýe, goýun, sygyr, at we eşek ýaly haýwanlaryň az mukdarda tezekleri gaçan guýynyň suwuna täret ýa-da gusul almak bolmaýar. Ýöne gowa bilen suw çekilende, her gezeginde tezek çykyp dursa, onda guýynyň suwy doly boşadylmalydyr.

Serçe we gögerçin ýaly kiçi guşlaryň nejasaty guýynyň içine gaçan bolsa, suwuň reňkini, tagamyny ýa-da ysyny üýtgetmedik ýagdaýynda ol suw hapa hasaplanylmaýar.

Gurbaga, balyk, leňňeç, çekirtge ýaly gany sarkyp akmaýan jandarlaryň maslygy guýudan çyksa suwuň reňki, tagamy ýa-da ysy üýtgetmedik bolsa,ol suw hem hapa hasap edilmeýär.

Guýa gaçyp ölen, emma haçan gaçandygy bilinmeýän bir haýwan çişip dargamadyk bolsa, ol bir gün öň gaçan hasap edilip, guýynyň suwy 24 sagat öň hapalanan hasaplanylýar. Eger-de çişip dargan bolsa, ol üç gün öň gaçan hasaplanylyp, guýynyň üç günden bärki suwy hapa saýylýar. Şonuň üçin şol günleriň dowamynda, ol guýynyň suwundan alnan täret we gusul dürs hasap edilmeýär. Birinji ýagdaýda bir günlük, ikinji ýagdaýda üç günlük okalan namazlaryň kazasy alynmalydyr. Nejasat degip, şol suwa ýuwlan eşikler hem täzeden ýuwulmalydyr.

   Eger guýynyň töwereginde hajathana bar bolsa, guýynyň suwunyň üç sypatyndan biri, ýagny ysy, reňki ýa-da tagamy üýtgese, bu ýagdaýa sebäp boljak başga hiç hili delil bolmasa, ol hajathana sebäpli diýlip, guýynyň suwy hapa hasaplanylýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *