AIW/AIDS barada nämeleri bilmeli?!

AIW adam bedeninde adaty däl immun ýetmezçiligini döredyän wirusdyr. Bu wirusyň immun ulgamyny weýran etmegi bilen häsiýetlendirilýän kesel “AIW ýokanjy’’ diýlip atlandyrylýar. AIDS – adamyň gazanylan immunodefisit sindromy. Ol AIW ýokanjynyň ahyrky döwri döwri bolup durýar. AIW/AIDS-de wirus immun ulgamyny güýçli zeperlendirýär we ony goraýjylyk funksiýasyny ýerine ýetirmek ukybyndan mahrum edýär. Netijede, gowşan immunitet kesellere garşy göreşip bilmeýär.

1-nji DEKABR – BÜTINDÜNÝÄ AIDS-e GARŞY GÖREŞ GÜNÜDIR!!!

Kesel nähili anyklanýar?
Öz wagtynda anyklanyp bejerlende, AIDS-iň mundan beýläkki ösüşini bökdäp bolýandyr. Ýöne bu örän kyn meseledir. Sebäbi AIW ýokuşan adamyň aglabasynda hiç hili kesel alamatlary ýüze çykmaýar. Immuniteti gowşak adamlarda ýüze çykýan alamatlar bolsa, köplenç gripiňkini ýatladýar. AIW ýokanjyny göteriji özüniň aýylganç kesele duçar bolandygyny duýmaýar. Ol daşyndan sagdyn görünýär. Şeýle-de bolsa, özindäki wirusy daş töweregindäki sagdyn adamlara ýokuşdyryp bilýär. Wirus ýokuşandan soň, tä AIDS ýüze çykýança 6-7, käte 10 ýyl gerek bolýar. Gana AIW ýokanjy aralaşanda immun ulgamy ony saýgarýan we oňa garşy göreşmäne ýardam edýän antitelolary işläp çykarýar. Diňe antitelolaryň gandaky mukdary köpelende, AIW testirlemesi arkaly bedende ýokançlaryň bardygyny anyklap bolýar. AIDS-iň ýokuşan wagtynda, oňa garşy oňa antitelolaryň ýeterlik işlenip çykarylmaýandygy zerarly, wirusy anyklamak mümkin bolmadyk döwür “penjire döwri’’ diýlip atlandyrylýar. Bu döwür 3 hepdeden 6 aýa çenli dowam edip bilýär. Şoňa görä, wirusyň ýokuşmak ähtimallygy bar bolan ýagdaýy ýüze çykandan 3 aý geçenden soň, barlag geçirmek üçin gan tabşyrmaly. Test ganda antitelolaryň ýokduguny görkezen bolsa-da, 6 aýdan soň barlagy täzeden gaýtalamak hökmandyr.

AIW haçan ýokuşýar?
Wirus AIW ýokanjyny göterijiden sagdyn adama biologiki suwuklyklar: gan, erkek tohum suwuklygy, jynshana nemi hem-de näsag aýaldan çagasyna göwrelilik we dogurýan döwründe, şeýle hem, dogandan soň göwüs arkaly geçip bilýär. Islendik adam, şol sanda çagalar hem wirusyň ýokuşmak howpundan halas däldir. Ýöne tötänleýin, ylaýta-da goragsyz jynsy gatnaşyklarda bolýan, sanjylýan neşe serişdelerini ulanýan adamlar has köp töwekgellik edýärler. AIDS-i dörediji wirus AIW ýokanjyny göterýan geljekki eneleriň göwresindäki çagalara, arassaçylyk şertleri berjaý edilmeýän gözellik salonlarynyň hyzmatyndan peýdalanýan adamlara hem uly howp salyp bilýär.

AIW haçan ýokuşmaýar?
Aşakdaky ýagdaýlarda AIDS-i dörediji wirus ony göterijiden sagdyn adama geçmeýär:

  • syrkaw asgyranda üsgürende daş-töwerege syçraýan tüýküligiň, gakylygyň üsti bilen;
  • gözýaş, der, peşew arkaly;
  • mör-möjekler çakanda;
  • durmuş hajatly zatlar (gap-gaç, ýorgan-düşek, egin-eşik) şärikdeşlikde ulanylanda;
  • suwa, hammama düşülende;
  • suw-sport edaralarynda türgenleşikde;
  • elleşilende.

Wirusdan goranyp bolýandyr!

  • Tötänleýin jynsy gatnaşyklary saklamaly däl!
  • Jynsy gatnaşykda goranmaga endik etmeli.!
  • Neşe serişdelerini, aýratyn hem onuň endama sançmak arkaly peýdalanylýan görnüşlerini ulanmakdan gaça durmaly!
  • Derman sanjylanda, dyrnaklar taraşlananda, gulakhalka dakynmak maksady bilen gulak deşilende, saç-sakgal syrylanda bir gezeklik ýada zyýansyzlandyrylan gurallaryň ulanylmagyna gözegçilik etmeli.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *