Bilbil

Görnüşi: ýabany guş.
Boýy: 17 santimetr.
Agramy: 25 grama barabar.
Duşýan ýerleri: Ýewropa, Günbatar Aziýa we Demirgazyk Kawkaz.

“Bilbiliň owazy” diýişleri ýaly, ýakymly ses hem olaryň esasy aýratynlygydyr. Türkmen ilimiz owadan sesli bagşylaryň owazyny bilbiliňkä meňzedýändir. Owadan owazly guş ýyly ýerlerde gyşlap, maý aýynyň başynda gelýär we üç-bäş gün geçensoň saýrap başlaýar. Häsiýeti gorkajyk bolan bilbiller baglaryň şahalary ýapraklar bilen örtülip başlandan soň bukulyp saýraýarlar. Olar gününi-gijesini saýramak bilen geçirýärler. Rowaýatlara görä, täsin mukamly guşuň saýraýan wagtyndaky owazyna şatlyk bilen tukatlyk garylan ýalymyş. Pessaý ýaňlanýan owaz gaýtalanmajak gözelligi subut edýär. Gowy saýraýan bilbil beýleki guşlaryň ýanyna baranda, olaryň hem owazynyň gowulanmagyna getirýär. Baglaryň bezegi bilbilleriň ýaşaýan ýerleri Ýewropadan we Günbatar Aziýadan Gündogara çenli uzaýandyr. Günortada bolsa, Demirgazyk Kawkaza çenli ýaýrandyrlar. Dürli owadan tebigatly ýerlere “myhman” bolmagy halaýan bu guşlar göçüp-gonup ýörýärler. “Bagyň ýaraşygy” , “Gülüň aşygy” ýaly jümleleri özüne ýaraşdyryp bilen bilbiller gyşyna Afrikanyň ýyly hem ýakyn, bag-bakjaly hem gül-gülälekli ýurtlaryna, Saud Arabystana, Hindistana uçup gidýärler. Olar mör-möjeklerdir gurçuklar bilen iýmitlenip gün görýärler. Şeýle-de daragtlary zyýanly mör-möjeklerden saplaýarlar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *