Walt Disneý – kim?

Bu adamyň adyny Ýer togalagynyň ähli ýerinde oňat tanaýarlar.
Walt Disneý (1901-1966) – belli amerikan režissýory, senaristi. Ol 1901-njy ýylyň 5-nji dekabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Çikago şäherinde dogulýar. Ol çagalykda okamagy, ýazmagy kynlyk bilen öwrenipdir. 1920-nji ýylda ilkinjileriň hatarynda film dünýäsine aralaşýar. Onuň döreden çekilen filmleriniň köpüsi birnäçe gezek “Oscar” baýragyna we başga-da ençeme ýokary derejeli baýraklara mynasyp boldy. Walt Disneýe has meşhurlyk gazandyran multifilmi “Mickey Mouse” multifilmidir. Ünsi çeken zatlaryň biri-de, Walt Disneý syçanlardan gorkýan eken.
    Onuň işleri multiplikasiýanyň taryhynda uly yz galdyrdy. Onuň döreden çekilen filmleriniň toplumy ýarym asyrdan-da köp wagtlap, tehniki özgermäniň ýokary derejesi hasaplanypdyr. Bu usul filmi döretmegiň birnäçe bölege bölünmegine esaslanandyr. Şeýlelikde, filmi döretmek üçin suratkeşleriň uly topary işläp, filmiň çalt döremegine mümkinçilik beripdir. Onuň ilkinji döreden “Alisa täsinlikler dünýäsinde” atly filmleri şowsuzlyga uçrapdyr. Muňa garamazdan, onuň “Mikki Maus” atly syçanjyk gahrymany az wagtyň içinde uly meşhurlygy gazandy.

Disneý – çekilen suraty filmde esasy zat hereket däl-de, gahrymanyň psihologiki keşbi diýipdir. Şonuň üçin hem onuň filmleriniň gahrymanlary adam hereketleri hem-de sesi bilen bezelendir. Awtorlar öz gahrymanlarynda, ilki bilen, haýwanlaryň hereketlerine, özlerini alyp baryşlaryna üns berip şekillendirýärler. Soňra bolsa, artistlere olary adam sesi bilen janlandyrmagyň usullaryny görkezýärler. 1939-njy ýylda Disneý öz filmlerini döretmek üçin ýörite kinostudiýany döretdi. Disneý tarapyndan Kaliforniýada döredilen Disneýlend seýilgähi-de az meşhurlyk gazanmady.

Disneýlend seýilgähi

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *