Diňe Kompýuter hakynda

  • Windowsda “con” atly bukja ýa resminama döredip bolmaýar.
  • Kompýuterde disk ýazmak üçin Nero Burning ROM programmasy ulanylýar. Munuň özüne ýetesi sebäbi bar. Terjime edilende “Neron Rimi otlan” diýen manyny berýän bu programma Rim imperatory Neronyň ýaramaz iş bilen Rimi otlap, taryha girendigini her gezek ýatladyp dur.
  • @ bellijegi köp ýerlerde itjagaz (sobaçka) diýlip atlandyrylýar. Käbir dillerde @ bellijegi maýmynjyk, balykgulajyk diýlip atlandyrylýar.
  • Kompýuterde ilkinji programmist zenan maşgala, ol iňlis Ada Lawleýsdir. Ol XIX asyryň ortalarynda Bernulliniň teoremasyny çözmek maksady bilen işiň meýilnamasyny düzüpdir.
  • Blutuz (Bluetooth) tehnologiýasynyň ady daniýaly korol Harald I Blutuzyň hormatyna dakylandyr. “Blutuz” gök dişli şanyň lakamy bolupdyr. X asyrda ýaşan bu şa Daniýadaky iki sany oňşuksyz taýpalary ýaraşdyryp, ylalaşyga getirip, olaryň arasynda köpri salyp beripdir. Blutuz ulgamynyň hem iki sany aýry-aýry enjamlardaky (telefon, kompýuter) maglumatlary bir-birine geçirmegi bu hökümdaryň ýygy-ýygydan ýatlanmagyna esas berýär.
  • Hasaplamalara görä, kompýuterde işlänimizde, ol ýa beýleki bir resminamalara gizlin san goýanymyzda, köplenç ulanýan sifrlerimiz şulardyr: 12345, 123456, 11111, 55555, 77777.
  • “Taým” žurnalynyň 1982-nji ýylda çykan sanynda kompýuter “Ýylyň adamsy” diýlip atlandyrylypdyr.
  • “Google” gözleg saýtynyň ady gugol sanyndan gelip çykan. Bilişiňiz ýaly, gugol ýüz nolly san. Bu saýtda maglumatlaryň ummasyzdygy göz öňünde tutulyp, mynasyp at berlipdir diýlen netijä gelinýär.
  • Ilkinji CD diskleri oýlanyp tapylanda, olaryň möçberiniň näçeräk bolmalydygy kesgitlenipdir. Oýlap tapyjylar CD diskleriniň göwrüminiň uly bolmalydygyny, oňa Bethoweniň dokuzynjy simfoniýasynyň islendik formatda sygmalydygyny kesgitläpdirler. Bu bolsa çen bilen 72 minuda barabar.
  • Ilkinji elektron haty 1971-nji ýylda bu programmanyň awtory Reý Tomlin ugradýar.
  • Ilkinji kompýuter oýny 1961-nji ýylda amerikaly talyp Stiw Rassel tarapyndan oýlanyp tapylýar.
  • Ilkinji kompýuter wirusy 1982-nji ýylda döredilip, ol “Elk Cloner” diýlip atlandyrylýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *