Zebra

Boýy: 1,5 metre barabar.

Tizligi: sagatda 80 kilometre çenli ýetirip bilýär.

Ýaşy: ortaça 25 ýyl, kähalatda 35-40 ýyla çenli uzap bilýär.

Agramy: 350-430 kg.

Zebra – bu ala çyzykly täsin haýwandyr. Ol yssy Afrikada ýaşaýar. Bilermenleriň anyklamagyna görä, zebralaryň özi ak bolup, gara reňk onuň çyzyklary diýse, käbir alymlar tersine, onuň reňkiniň gara bolup, ak ondaky çyzyklardyr diýip hasap edýärler. Näme üçin onuň şeýle täsin we geň ala “lybasy” barka? Beýle lybas olaryň ara daşlykdan bir-birini tanamagy üçin gerekdir. Şeýle-de, gara-ak çyzyklar duşmanyň gözüni gamaşdyryp, zebralary howpdan halas edýär. Öz sürüsiniň ýanyna tarap ylgap, olara goşulan zebrany saýgarmak mümkin däldir. Zebralar dürli otlar, agaçlaryň ýapraklary, käbir ösümlikleriň kökleri bilen iýmitlenýärler. Täze iýmitiň, suwuň ugrunda olar çölde syýahat etmeli bolýarlar. Zebralaryň sürüsine, köplenç, jerenler, düýeguşlar hatda žiraflar hem goşulýarlar. Olaryň agzybirligi ýabany ýyrtyjylardan goranmaga kömek edýär. Gyzma jandar bolan zebra özüni duşmanlardan gorap bilýär. Oňa zebranyň toýnagy, dişleri kömek edýär. Zebralar öz maşgalasynyň goragyna örän ünslüdirler. Zebrajyk enesini ala çyzyklary boýunça beýleki zebralardan tapawutlandyrmagy başarýar. Şonuň üçin ene zebralar täze doglan çagasynyň ýanyna ilkibaşda hiç bir jandary goýbermeýärler. Kiçijik zebrajygyň reňki hem edil ulularyňky ýalydyr öýdýän bolsaňyz weli, nädogry pikir edýärsiňiz. Olar kiçi wagty hamy sarymtyl-goňur reňkde bolýar. Doglandan ýarym sagat geçenden soň, bu jandarlar ýöräp we gülgüne reňkde bolan ene süýdi bilen iýmitlenip başlaýarlar. Zebralar käbir jandarlar ýaly dik durman, ýagyrnysyny ýere berip uklaýarlar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *