Iňlis dili bilen bagly täsin maglumatlar

  • Iňlis dilinde 5 çekimlisi bolan 2 sany söz bardyr: „abstemious„ , „facetious„ (adam, mylaýym).
  • „Oksford„ sözlügine görä, iňlis dilindäki iň uzyn söz şudur: „pneumonoultramicroscopicsilicovolcanokoniosis„ ( tüsse ýa-da tozan sebäpli döreýän öýken keseliniň ady).
  • Iňlis dilindäki iň uzyn bir bogunly söz „screeched„ (jygyldawuk) sözüdir.
  • Iňlis dilinde iň köp ulanylýan harp „e„ , iň az ulanylýan harp bolsa „q„ harpydyr.
  • Iňlis dilindäki 8 harply sözlerden diňe birinde ýeke çekimli ses bardyr: „strength„ (güýç, berklik, gala).
  • Iň köp manydaş sözler iňlis dilindedir.
  • „Underground„ (metro, ýerasty) sözi iňlis dilinde „und„ bilen başlap, „und„ bilen tamamlanýan ýeke-täk sözdür.
  • „Forty„ (kyrk) sözi iňlis dilinde harplary elipbiý tertibine görä gelýän ýeke-täk sandyr. „One„ (bir) sözi bolsa tersligine okalanda harplary elipbiý tertibine görä düzülen ýeke-täk sözdür.
  • „Rhythms„ (sazlaşyklar (ritmler) sözi iňlis dilinde çekimli sessiz iň uzyn sözdür.
  • Iňlis dilinde iň köp ulanylýan harplar r, s, t, e, l, n harplarydyr.
  • „Go„ (bar git (gitmek) sözlemi iňlis dilindäki iň gysga sözlemdir.
  • Iňlis dilindäki „queue„ (gulpak, nobat) sözi soňky 4 harpy aýrylanda-da başdakysy ýaly aýdylýar.

One Reply to “Iňlis dili bilen bagly täsin maglumatlar”

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *