Gün urmadan nädip goranmaly?

Gün şöhlesi bedeniň immunitetini pugtalandyrýar, ganaýlanyşy gowulandyrýar, beden öýjüklerinde süňkler we dişler üçin peýdaly D witamininiň işlenilip çykarylmagyna itergi berýär. Şeýle-de bolsa, howanyň juda gyzýan wagtynda Günüň astynda durmagyň saglyga uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däl. Sebäbi Günüň ultramelewşe
şöhlesi peýdaly bolsa-da, infragyzyl şöhlesi deriniň ýanmagyna, hatda deriniň howply täze döremeleriniň emele gelmegine-de getirip
bilýär. Munuň öňüni almak üçin käbir düzgünleri berjaý etmek maslahat berilýär:

  • Tomusda irden sagat 11-den soň, öýlän sagat 18-e çenli Günüň aşagynda köp durmak maslahat berilmeýär.
  • Yssyda açyk reňkli nah matadan tikilen ýeňil we giň biçüwli eşikleri geýmeli. Şeýle geýimler Gün şöhlesinden goraýar, deriniň oňat «dem almagyna» päsgel bermeýär.
  • Guşak guşanmasaň, kemer dakynmasaň gowy: olar hereketiňi gowuşgynsyzlandyrýar, dem almagy kynlaşdyrýar.
  • Tomusda kelläňe açyk reňkli, başgap geýmeli.
  • Açyk Günüň aşagyna çykanyňda äýnek dakynmak, saýawan götermek hemmelere maslahat berilýär.
  • Käbir gözellik serişdeleriniň (losýonlar, süýtjagazlar, kremler), hoşboýlyklaryň (atyrlar, dezodorantlar) düzüminde Gün şöhlesiniň täsiri astynda deride menekli tegmilleri döremegine itergi berip bilýän efir ýaglary saklanýar. Şoňa görä, tomusda gözellik serişdelerini, atyrlary kosmetolog bilen maslahatlaşyp, ulanmaly.
  • Tomusda Günüň zyýanly täsirinden goraýan C witaminine (turşy tagamly önümler, pomidor, ysmanak), PP witaminine baý greçka, kartoşka, süýt, malyň bagry, kösükli ösümlikleriň önümlerini köpräk iýmeli.
  • Günüň dowamynda ulanylýan suwuklygyň (kompot, mors, mineral suwlar, gatyk, çal, aýran, miwe we gök önüm şireleri) mukdary 2 litrden az bolmaly däldir.
  • Tomusda derman serişdelerini, dermanlyk ösümlikleriň melhemliklerini lukman bilen maslahatlaşyp ulanmaly. Käbir dermanlar we dermanlyk ösümlikler, meselem, sarygül deriniň Gün şöhlesine duýgurlygyny ýokarlandyrýar.

Gün urmada ilkinji kömek:

  1. Gün urma hadysasy ýüze çykanda ilkinji nobatda «Tiz kömege» jaň etmeli.
  2. Ejir çeken adamy kölegeli ýere ýa-da salkyn jaýa geçirmeli.
  3. Kemerini, köýneginiň iliklerini ýazdyrmaly.
    Mümkin bolsa eşiklerini çalyşmaly.
  4. Betbagtçylyga duçar bolan syrkawyň goltukla-
    rynyň aşagyna, boýun, döş kapasasy, gasyk töweregine sowuk suwa öllenen mata bölejigini goýmaly.
  5. Eger näsagyň ýagdaýy gowy bolsa, onda oňa sowugrak suw içirmeli.
  6. Heläkçilige uçran adamyň endamyna spirt çalmakdan saklanmaly, onuň spirtli içgileri içmegine ýol bermeli däl. Alkogolly içgiler bedendäki ýylylyk sazlaşygyny bozup, Gün urmanyň täsirini güýçlendirip bilýär.
  7. Gün urma duçar bolan näsagy ýuwundyrmak, suwly wannada ýatyrmak maslahat berilmeýär. Munuň özi syrkawyň dem almagyny kynlaşdyrýar.
  8. Tä lukman gelýänçä näsagyň ýagdaýyny gözegçilik astynda saklamaly.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *