“Başgaça” Şöhrat Myradow

Başgaça

Ynha sähra tutuş bir çemenzarlyk
Läläm başyňda bar gülgüne ýaglyk
Söýgim bagtym üçin ullakan baýlyk
Seniň yşkyň özgelerden başgaça.

Şu ýollardan aýlanypdyk biz bile
Her sözüň mynasyp desse bägüle
Asla meňzedemok men seni ile
Aýak yzlaň özgelerden başgaça.

Ýylgyrşyňa döretmeli saz, aýdym
Bilýänsiň nähili apalap söýdüm
Seretsene gijelerem aý aýdyň
Bakyşlaryň özgelerden başgaça.

Duýgularyň şasyn görkezdi gözüň
Niçiksi ahwal bu aýtasana özüň
Dessanlar aýtsamam ýetmeýär sözüm
Dideleriň özgelerden başgaça.

Göýäki sen maňa gelen şalykmy
Ýa toruma düşen tylla balykmy
Şirin diliň Hakdan berlen hanlykmy
Söhbet edýäň özgelerden başgaça.

Mähremligiň sadalygyň has eziz
Nädeýin roýuňa şygrymam ejiz
Aýtjaklarym gutaranok bar heniz
Diýýän senli geçýän günlem başgaça.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *