Süýjüli Diabetiň taryhy

“Diabet” adalgasy (“diabaino” diýen grek sözünden terjime edilende “durman geçýärin”) lukmançylyk tejribesine girizen Areteus süýjüli diabete duçar bolan syrkawyň ýagdaýyny şeýle beýan edýär: “Diabet – janyňy-teniňi peşewde “eredip” barýan elhenç jebir-sütem. Sähelçe wagtlap suw içmän duranda-da olaryň dodaklary kepeýär, agyz boşlugy, derisi, nemli bardasy guraýar. Näsaglarda ýürek bulanma, gyjynma ýüze çykýar.” 1642-nji ýylda ilkinji gezek aşgazanasty mäziň anatomiki gurluşy suratlandyrylýar. Ýöne şol döwürde süýjüli diabetiň döremegi bu beden agzasynyň işiniň bozulmagy bilen baglanyşdyrylmaýar.

1776-njy ýylda iňlis lukmany Dobson süýjükeselli syrkawyň peşewiniň süýjümtil tagama eýe bolmagynyň düzüminde şekeriň saklanmagy bilen baglanyşyklydygyny anyklaýar. 1788-nji ýylda bolsa bu keseliň aşgazanasty mäziň funksiýasynyň bozulmagy zerarly döreýändigi baradaky ylmy çaklama (gipoteza) öňe sürülýär. Şondan soň süýjüli diabete duçar bolan näsaglar üçin ýörite berhiz bellenilýär, peşewdäki süýjüniň mukdaryny anyklamagyň usuly işlenilip düzülýär.

Frederik Bantin

1991-nji ýylda insulini ilknji gezek döreden Frederik Bantingiň doglan güni 14-nji noýabr Halkara Diabet Federasiýasy (HDF) we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) tarapyndan Bütindünýä diabete garşy göreş güni diýlip yglan edilýär. Bu sene 2007-nji ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) howandarlygynda bellenilip geçilýär. BMG bu babatda hemmetaraplaýyn goldamak bilen süýjüli diabete garşy göreşmegi özüne borç edinýär we bu ugurdan ýörite rezolýusiýa kabul edýär. Süýjüli diabete garşy Halkara Diabet Federasiýasynyň aýratyn hyzmaty bardyr. Bütin Ýer ýüzünde süýjükeselli syrkawlaryň we süýjüli diabetiň döremek howpy örän ýokary bolan adamlaryň bähbidini goraýan bu merkezi halkara gurama 1950-nji ýylda Brýusselde döredilýär. Ol öz hatarynda 160-dan gowrak ýurtdan bolan milli diabet birleşmeleriniň 200-den köpüsini jemleýär. HDF özüniň baş wezipesini tutuş Ýer yklymynda süýjüli diabetiň öňüni almaga we bejerişiň hilini gowulandyrmaga ýardam etmekde görýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *