Orazany bozmaýan zatlar

  1. Unudyp bir zat iýip-içmek orazany bozmaýar. Şol wagt derrew saklanyp orazany dowam etmeli.
  2. Göze suw gitse orazany bozmaýar.
  3. Eger tapdan düşürmejek bolsa, gan aldyrmak orazany bozmaýar. Sebäbi Pygamberimiz hem agzy bekli wagty gan aldyrypdyr.
  4. Dişiňi miswaklamak. Dişleri miswaklamak sünnetdir.
  5. Agzyňy we burnuňy suw bilen çaýkamak.
  6. Agzyňy çaýkanyňdan soň galan çyglylygyň içiňe gitmegi.
  7. Burnuňdan akan suwuklygy yzyna çekmek.
  8. Agyzdan akan suwuň içiňe gitmegi.
  9. Dodaklaryňy ýalamak.
  10. Az möçberde agza giren der suwy ýa-da göz ýaş hem orazany bozmaýar.
  11. Tozan, tüsse ýaly iýilmeýän we goranmagy mümkin bolmadyk zatlar damaga gitse, oraza bozulmaýar. Emma howadaky tozanlar we tüsse bilkastlaýyn ýuwudylsa, onda oraza bozulýar.
  12. Gybat etmek orazany bozmaýar. Emma sogabyny azaldýar.
  13. Damaga giden siňek hem orazany bozmaýar. Eger uçup ýören siňegi tutup özi ýuwutsa, oraza bozulýar.
  14. Sanjymsyz diş sogurtmak hem orazany bozmaýar.
  15. Reňki ýokýan bir ýüpi agzyna alyp, oýnap oturmagy orazany bozmaýar. Eger ol reňkli ýüp tüýküligine ýokuşsa, ony hem ýuwutsa, oraza bozulýar.
  16. Ygtyýarsyz gelen gusuk, öz-özüňden yzyna gitse, agyz hem bolsa oraza bozulmaýar. Eger orazaly adam öz ygtyýary bilen gusugyny yzyna ýuwutsa, oraza bozulýar.
  17. Dişleriň arasynda galan nohutdan uly zady ýuwutmak orazany bozýar, eger nohutdan kiçi bolsa bozulmaýar. Eger nohutdan kiçi zady agzyndan çykaryp, soň ýuwutsa, onda oraza bozulýar.
  18. Dişleriň arasynda galan künji, bugdaý dänesi ýaly zady ýuwutsa oraza bozulmaýar. Eger künjini başga ýerden alyp, çeýnemän ýuwutsa, oraza bozulýar. Eger çeýnese, oraza bozulmaýar, sebäbi ol agzyň içinde çeýnelenden soňra eräp, dargap gidýär we damaga ýetmeýär. Emma çeýnän zady damagyna gitse, oraza bozulýar. Soň onuň kazasyny almaly, emma keffarat bermek gerek däl.
  19. Är-aýalyň arasynda gujaklaşmak orazany bozmaýar.
  20. Eger çagany ýüzleý öpsrň oraza bozulmaýar.
  21. Gulaga giren suw orazany bozmaýar. Emma gulaga ýag damdyrmak, burna derman damdyrmak orazany bozýar.
  22. Adamyň bedeniniň içine syzyp giren zatlar orazany bozmaýar.
  23. Göze damdyrylýan derman we çekilen sürme orazany bozmaýar.
  24. Kelledäki ýa-da garyndaky bir ýara çalnan derman, ýaranyň çyglygy bilen hem içiňe gitmeýän derman orazany bozmaýar.
  25. Ini hapa ýagdaýda säher wagty turmak orazany bozmaýar.
  26. Gündiz uklan wagty düýş görüp ini hapalanan (ihtilam) bolmak orazany bozmaýar.
  27. Bir adam namaz okamasa hem oraza tutsa bolýar. Şeýle hem agyz beklemeýän adam tarawa namažyny okasa bolýar. Sebäbi bularyň her haýsy aýry-aýry parz we sünnet ybadatlar bolup, her haýsynyň öz orny we jogapkärçiligi bardyr.

One Reply to “Orazany bozmaýan zatlar”

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *