Haýsy ýumurtga has peýdaly?

Ýumurtga beden üçin zerur beloklara, witaminlere baý, pes kaloriýaly tebigy azyk önümi hökmünde häsiýetlendirilýär. Islendik guşuň ýumurtgasy peýdaly. Adam bedenine oňyn täsiri boýunça bedenäniň ýumurtgasy 1-nji orny eýeleýär. Onyň düzüminde witaminler, mikroelementler has  köp.

Bedene ýumurtgasy, ylaýtada, A, B1, B2, PP witaminlerine, fosfor, kaliý, demir, mis elementlerine baý. Hut şonuň üçin lukmançylykda gastrit, pnewmoniýa – öýken sowuklama, anemiýa, dümew we ş.m bejermek we immuniteti pugtalandyrmak üçin ulanylýar. Bedenäniň ýumurtgasynyň agynyň düzümi towugyňkydan az-kem tapawutlanýar. Ol bedende çalt özleşýär, göwräni kuwwatlandyrýar. Onuň beýleki ýumurtgalardan 2 sany aýratynlygy bar:

  1. Düzüminde holesteriniň ujypsyz mukdary saklanýar. Diýmek, ony gipertoniýadan (gan basyşynyň ýokarlanmagy), asterosklerozdan we beýleki ýürek-damar kesellerinden ejir çekýänler hem ulanyp bilerler.
  2. Bedende iýmit allergiýasynyň ýüze çykmagyna getirmeýär. Üstesinede, düzümine girýän aýratyn belok allergiki reaksiýalary “ýatyrmaga” ukyply. Ondan allerigiýa garşy derman serişdeleri hem ýasalýar.

Bedene ýumurtgasy – towugyň ýumurtgasyndan 5 esse kiçi, düzümindäki witaminler, mikroelementler welin, 5 esse diýen ýaly köp. Bilermenler ony gabygy bilen ýuwutmagy maslahat berýärler. Bedene ýumurtgasynyň iň köp ulanýanlar – ýaponiýalylar. Ýaponiýada her mekdep okuwçysyna her gün 2 sany bedene ýumurtgasy berilýär.

Ilatyň arasynda köplenç towuk ýumurtgasy ulanylýar. Towugyň ýumurtgasy 40 gramdan 70 grama çenli agramly. Käte has uly ýumurtgalar hem duş gelýär. Mysal üçin, Kubada bir towuk 148 gram agramly ýumurtga guzlapdyr. Onuň içinden biraz kiçiräk ýumurtga çykdy.

Gazyň, ördegiň ýumurtgasy kişä ýarap durmaýan üýtgeşik tagamy bilen tapawutlanýar. Olary çigligine içmek howply. Köplenç ördegiň ýumurtgasy salmonelloz keseliniň döremegine sebäp bolýar. Gazyň ýumurtgasy – towugyň ýumurtgasy bilen deňeşdirilende 1,5-2 esse uly. Ol onçakly köp iýilmeýär. Käbir ýurtlarda gazyň ýumurtgasynyň gabygyndan gymmat bahaly daşlar bilen bezelen kiçijik şkatulkalar (şaý-sepler saklanýan sandyjak) ýasalýar.

Düýeguşuň ýumurtgasy –  holesterin az. Ýöne juda uly bolandygy üçin ony gündelik durmuşda ulanmak amatsyz. Bu ýumurtga towugyň ýumurtgasyndan 25-30 esse uly. Agy takmynan 1 litre ýetýär. Ony bişirmek üçin 75 minut gaýnatmaly. Bir ýumurtganyň heýgenegi 8-10 adamy doýurýar. Adatça düýeguşuň ýumurtgasy restoranlarda ulanylýar. Käbir Arap ýurtlarynda ol gündelik azyk önümi hasaplanylýar.

Uly ähmiýetli kiçijik bellikler
Ýumurtgany beýleki azyk önümlerinden daşda – sowadyjynyň gapysyna berkidilen ýörite öýjüklerde saklamaly. Çünki, gabygyndaky öýjükler del yslary özüne çalt siňdirýär.
Sowadyjyda ýerleşdirmezden öňürti ýuwmaly däl. Sebäbi, gabygy ýumurtganyň agyny we sarysyny bakteriýalaryň aralaşmagyndan goraýan ýörite gorag plýonkasy bilen örtülen. Ony ýuwup aýyrsaňyz, önümiň saklany möhleti gysgalar. Ulanmazdan öň welin gyzgyn suwda sabynlap ýuwmaly.
Ýumurtga näçe köp saklansa, gabygyndaky deşikler arkaly şonçada hem köp nem çykarýar. Täzedigini ýa-da ulanyş möhletiniň geçendigini bilmek kyn däl. ony stoluň üstünde pyrlandyryp goýbermeli. Eger bir gapdala togalansa, onda ol täzedir. Köne ýumurtga edil pyrlampaç ýaly ýeňil pyrlanýar.
Ýumurtgany çigligine içmegi halaýan adamlaram az däl. Bu bir tarapdan peýdaly: damagagyryny köşeşdirýär, sesi durlaýar. Ýöne çig ýumurtganyň salmonellozyň ýüze çykmagyna sebäp bolmagy hem mümkin. Bu önümi diňe hiliniň oňatdygyna şübhe ýok bolanda çigligine içip bolar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *