Ilkinji telefon. Biz näme üçin “ALO” diýýäris?

Aleksandr Grehem Bell

1876-njy ýylda Aleksandr Grehem Bell telefony oýlap tapýar. Ol wagta çenli adamlar mors elipbiýi bilen telegraf ulgamyny ulanypdyrlar. Mors elipbiýi gysga we uzyn yşaratlar (nokat we çyzyklar) arkaly habarlaşmak üçin ulanylýan usuldyr.

Morze Semýuel

Morze Semýuel tarapyndan ol 1835-nji ýylda taýýarlanýar. Mysal üçin, harplar: (A.-    B-…   Ç-.-.) nokat we çyzyklar arkaly edilipdir.

Mors elipbiýi

   Batyllaryň okuwy bilen gyzyklanan Bell telegraf boýunça habarlaşmak usulyny kämilleşdirmek isleýär. Ol barlaghanasynda tejribe geçirýärkä, bir otagdan beýlekä simdäki ses yrgyldylaryň barýandygyny aňýar. Şeýlelikde, adamlaryň sesini bu yrgyldylara geçirip biljekdigine göz ýetirýär. Şol döwürde taýýarlanan enjam bilen habarlaşmak 10 metr aralykda amala aşyrylýar. Mikrofonlaryň ýüze çykmagy bilen ýukajyk perdelerdäki yrgyldylardan çykýan sesi beýgeltmek mümkinçiligi döreýär. Bu usulyň kämilleşmegi bilen ses yrgyldylaryny güýçlendiriji elektrik akymyndan peýdalanylyp başlanýar. Netijede, telefon oýlanyp tapylanyndan soň, aňyrsy 10 ýylyň içinde bütin dünýä ýaýraýar.

Ilkinji telefon

1880-nji ýylda Amerikada telefon abunasynyň sany 70 000-e ýetipdir. Haçan-da, 1922-nji ýylda Aleksandr Grehem Bell aradan çykanda, ABŞ-da telefon aragatnaşygy 1 minutlyk togtadylýar. Şonda bu ulgamy ulanýanlaryň sany 17 million eken.

A.G.Bell aýaly Allessandra Lolita Oswaldo bilen

“ALO’ sözüniň manysy
A.G.Belliň aýaly Allessandra Lolita Oswaldonyň baş harplary ALO-dyr.  Bell telefony oýlap tapanyndan soňra, ilkinjisini onuň öýüne çekipdir. Haçan-da, Bellä aýalyndan jaň gelende, onuň adyny tutup galdyrypdyr. Wagtyň geçmegi bilen adyny gysgaldyp aýdyp başlapdyr. Şondan soň, adamzat taryhynda “Alo” sözi ulanylmaga başlanypdyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *