“Saňa bagyşlanýar” Aşyrbaý Hallyýew.

Saňa bagyşlanýar

Gussaly günüňe gözüm düşmesin,
Ony görüp durup, dözüp bilmerin.
Unutdym gözelleň senden başgasyn,
Sensiz ýeke setir ýazyp bilmerin.

Käte hyýal atyn ýola ataryp,
Bu zatlara haýran galýan oturyp,
Gezsemem seň tarypyňy ýetirip,
Şygyr ummanynda ýüzüp bilmerin.

Garaýşyň jadyly güýçdügin bilýän,
Sensiz bu dünýäniň hiçdigin bilýän,
Arman birazyrak giçdigin bilýän,
Onda-da, aramy üzüp bilmerin.

Goý, düşsek düşeli, iliň diline,
Näme etseň hakyň bar gyz, gel, ine,
Sen düşäýseň bir näkesiň eline,
Bu ýagty jahanda gezip bilmerin.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *